Maýkl Jordan üçin ýörite döredilen Nike krossowkalarynyň ilkinji jübüdi 1,47 mln dollara satyldy

  • 26.10.2021 18:20
  • 9.4k+

Nike kompaniýasy tarapyndan basketbolçy Maýkl Jordanyň Milli basketbol assosiasiýasynyň (MBA) yzygiderli çempionatyndaky çykyşlary üçin türgeniň islegleri göz öňünde tutulyp taýýarlanylan ilkinji jübüt krossowka Las-Wegasdaky Sotheby’s auksionynda bu görnüşli aýakgap üçin rekord bolan 1,47 mln dollara satyldy. Bu barada TASS habar berýär.

Auksion öýüniň saýtynda bellenilişi ýaly, Jordan ilkinji gezek bu aýakgap bilen 1984-nji ýyldaky MBA-nyň çempionatynyň bäşinji oýnunda çykdy, sebäbi firma krossowkany möwsüm başlamanka taýýarlap ýetişmedi. Basketbolçynyň şol wagt “Air Ships” diýlip atlandyrylan ak-gyzyl krossowkada çykmagy has açyk reňkli dizaýny sebäpli liganyň ýolbaşçylarynda nägileligi döretdi. Şonuň üçin türgeniň şol aýakgaplarda her bir çykyşy üçin birnäçe müň dollar jerime salyndy, ýöne ol hiç wagt özi üçin döredilen krossowka modelini üýtgetmedi, Nike bolsa mundan uly mahabat peýdasyny alýardy. Netijede, krossowka modeli “Air Jordan” adyny aldy, soňra bu at örän gowy bökmek ukybyna eýe bolan Jordanyň hem lakamyna öwrüldi.

Bu krossowkany çagalygynda MBA-nyň oýunlarynyň birinde top daşaýjy bolup işläp, ony basketbolçynyň hut özünden alan Tommi Tim Lýuis satuwa çykardy. Ol ony şu wagta çenli örän gowy ýagdaýda saklapdyr. Auksion başlamazdan öň, krossowka 1-1,5 mln dollar bilen bahalandyryldy, şeýlelikde ol bahanyň ýokary çäginde satyldy.

Jordan iki gezek Olimpiýa çempiony (1984, 1992) we “Çikagonyň” düzüminde alty gezek MBA-nyň çempiony boldy. Ol “Waşingtonda” hem oýnady we 2003-nji ýylda şol ýerde karýerasyny tamamlady. Jordan bäş gezek MBA-nyň iň gymmatly oýunçysy diýlip bellendi we 14 gezek “Ýyldyzlaryň” oýnuna gatnaşdy. Ol ortaça her oýunda 30,1 utuk gazanýardy, 6,2 “top ogurlygyny” amala aşyrýardy we 5,3 geçirim edýärdi.

şu gün 00:51
291

Adamlar biri-birine ynanmaýan syrlaryny emeli aňa ynanýarlar

Täze barlaglar adamlaryň biri-birek bilen paýlaşýan, hatda kähalatda biri-birilerine aýtmaga-da dözmeýän syrlaryny emeli aňa ynanýandyklaryny ýüze çykardy. Fraýburg we Geýdelberg uniwersitetleriniň alymlary tarapyndan geçirilen şeýle barlagyň netijeleri Communications Psychology žurnalynda çap edildi...

düýn 20:37
2.1k+

«Watan» kinokonsert merkezinde türk seriallary boýunça Röwşen Nepesowyň orkestriniň konserti bolar

15-nji fewralda «Watan» kinokonsert merkezinde Röwşen Nepesowyň orkestriniň «Türk seriallaryndan mukamlar» atly konserti geçiriler. Bu çäre diňleýjileriň köpsanly haýyşlary boýunça gurnaldy. Konsertiň dirižýory Eziz Jumanyýazow bolar...

düýn 19:18
2.5k+

«Garri Potteriň» gahrymany Hytaý täze ýylynyň garaşylmadyk nyşanyna öwrüldi

Hytaý täze ýylynyň bu ýylky dabarasynda garaşylmadyk gahryman peýda boldy. Gündogar kalendary boýunça 2026-njy ýylyň resmi nyşany bolan Otly gyzyl At (Ýylky) bilen bir hatarda, baýramçylygyň ýene bir resmi däl nyşany — Drako Malfoý peýda boldy...

düýn 14:15
4.4k+

Jonni Deppi tanar ýaly bolmandyr: «Ebenezer: Roždestwo aýdymy» filminiň ilkinji kadrlary

62 ýaşly Jonni Depp Londonda Çarlz Dikkensiň nusgawy powestiniň täze ekranlaşdyrylmasy bolan «Roždestwo aýdymy» («Рождественская песнь») filminiň surata düşürilişinde göründi. Aktýor «Ebenezer: Roždestwo aýdymy» diýlip atlandyrylan täze filmde Ebenezer Skrujyň keşbini ýerine ýetirýär...