Donald Tramp özüniň sosial ulgamynyň açylandygyny habar berdi

  • 24.10.2021 16:03
  • 7.3k+

ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Tramp özüniň “Truth Social” sosial ulgamynyň açylandygyny habar berdi. Şeýdip, Tramp iri tehnologiýa kompaniýalarynyň maglumat monopoliýasyna garşy göreşmegi meýilleşdirýär. Bu barada ferra.ru habar berýär.

Sosial ulgam eýýäm synag üçin taýýar. Indi her kim ondaky garaşylýanlaryň sanawyna ýazylyp biler, munuň üçin adyňy, familiýaňy we e-poçtaňy goýmak ýeterlik. Ulanyjylaryň gatnaşmagyndaky synag 2021-nji ýylyň noýabr aýynda başlar we sosial ulgamyň doly işe girizilmegi 2022-nji ýylyň birinji çärýegine meýilleşdirilýär.

Sosial ulgamyň “Truth Social” diýen ady “Sosial hakykat” diýlip terjime edilýär. Degişli programmanyň eýýäm “App Store”-da peýda bolandygy we bu ýerde sosial tora goşulmak üçin sargyt goýup boljakdygy aýdylýar. Programmanyň nyşany Facebook-a meňzeýär, onuň ýazgysy bolsa “Hakykata eýer” şygary bilen başlaýar.


şu gün 00:57
1.9k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......