Gadymy Olimpiýada Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlary – 2022-niň alawy ýakyldy

  • 19.10.2021 09:58
  • 4321
Gadymy Olimpiýada Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlary – 2022-niň alawy ýakyldy

2022-nji ýylda Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlarynyň alawy b.e.öň sekizinji asyrda Olimpiýa oýunlarynyň dörän ýeri bolan Gresiýanyň Gadymy Olimpiýasynda ýakyldy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Däp boýunça, alaw Geranyň gadymy ybadathanasynda parabolik aýnanyň kömegi bilen Gün şöhlelerinden ýakyldy. “Ýokary ruhany” Apollona şöhle iberip, Olimpiadanyň alawyny ýakmagy we Zewse Oýunlaryň ýeňijilerine wenok geýdirmegi üçin doga okady. Ýokary ruhanynyň keşbini aktrisa Ksanti Georgiu ýerine ýetirdi. Şondan soň ruhany fakeli Gün şöhlelerini jemleýän parabolik aýna eltdi.

Dabara COVID-19 pandemiýasy sebäpli ikinji gezek tomaşaçysyz geçirildi, Olimpiýa alawynyň estafetasy gysgaldyldy – oňa üç fakel göteriji gatnaşýar.

Gadymy Olimpiýadaky stadionda geçirilen dabara Gresiýanyň prezidenti Katerina Sakellaropulu, Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) prezidenti Tomas Bah we “Pekin-2022” guramaçylyk komitetiniň hem-de HOK-nyň wekilleri gatnaşdy.

Sişenbe güni Panatinaikos stadionynda Olimpiýa alawy hytaý wekiliýetine gowşurylar. Bu stadionda-da tomaşaçy bolmaz.


16.11.2022 14:00
3332

Frigiýa şyrdaklary Pariždäki Olimpiadanyň we Paralimpiadanyň tumarlary boldy

2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Olimpiadanyň we Paralimpiadanyň resmi tumarlaryny görkezdi. Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlaryň...

22.10.2022 15:56
4748

Pekindäki gyşky Olimpiýa oýunlaryna iki milliarddan gowrak adam tomaşa etdi

Pekinde geçirilen gyşky Olimpiýa oýunlaryna iki milliarddan gowrak adam tomaşa etdi diýip, Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) metbugat gullugy habar berýär. Guramanyň hasabatyna laýyklykda, bu 2018-nji ýylda Günorta...

26.09.2022 14:46
4658

Müsür 2036-njy ýyldaky Olimpiadany geçirmek üçin ýurdunyň dalaşgärligini öňe sürer

Müsüriň prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Müsür Arap Respublikasyny 2036-njy ýyldaky tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin dalaşgär hökmünde görkezmek teklibini makullady. Bu barada Müsüriň Ýaşlar we sport ministri...

26.07.2022 13:24
5678

2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň şygary belli boldy

2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň şygary “Geliň, Oýunlary giňden açalyň” bolar. Bu barada Olimpiadanyň guramaçylyk komitetiniň metbugat gullugy habar berdi diýip, TASS belleýär. Şeýle...