Google täze “Android 12” operasiýa ulgamyny tanyşdyrdy

  • 18.10.2021 12:03
  • 3.7k+

Google “Android” mobil operasiýa ulgamynyň täze wersiýasyny tanyşdyrdy. Bu barada ýekşenbe güni iz.ru habar berdi.

Kompaniýa ulgamy belli bir ulanyjynyň isleglerine laýyklykda özleşdirmäge esaslanýan “Material You” dizaýn-konsepsiýasyna geçmek kararyna geldi. Mundan başga-da, döredijiler interfeýs elementlerini has-da gowulandyrdylar.

Täze operasiýa ulgamyn ýeke-täk reňk giňişligine eýe. Şeýlelik bilen, baş ekranyň fon suraty üýtgedilende, “Android 12” tutuş şol suratyň reňk gammasyna görä awtomatik ýagdaýda sazlaşdyrar. Şol bir wagtyň özünde, programma öwüşginleri hem tapawutlandyryp bilýär diýip, RIA Nowosti ýazýar.

Mundan başga-da, döredijiler has köp maglumat ýerleşdirilmegi üçin ýatlatmalar panelindäki ozalky nyşanlary ulaltmak kararyna geldiler.

30-njy awgustda "Kasperskiý laboratoriýasynyň" mobil howplar boýunça baş gözlegçisi Wiktor Çebyşew ​​“Izvestia” bilen bolan söhbetdeşlikde mobil maliýe howplarynyň hemmesiniň diýen ýaly - ýagny, 99,9 göteriminiň “Android” operasiýa ulgamyna gönükdirilendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu esasan “Android”-iň diňe Google Play-den däl-de, näbelli çeşmelerden hem smartfonlara programmalary gurnamaga mümkinçilik berýändigi bilen baglanyşykly.


19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....