Toyota awtomobillerinde iň täze gün batareýalaryny ulanmagy meýilleşdirýär

  • 15.10.2021 08:36
  • 10k+

Ýaponiýanyň Toyota Motor konserni geljekde awtomobillerinde ýokary tehnologiýaly gün batareýalaryny we olaryň esasynda ulgamlary ulanyp başlamagy göz öňünde tutýar. Bu barada kompaniýanyň habarynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Onda ýurduň iň uly konserniniň Milli ösen senagat ylymlary we tehnologiýalary instituty bilen bilelikde geljekde awtomobillerde ulanyp boljak iň täze gün batareýalarynyň ulgamlaryny işläp düzmek bilen meşgullanjakdygy bellenilýär. Bu işde esasy wezipäniň şeýle batareýalary we olaryň esasynda ulgamlary döretmek üçin çykdajylary azaltmak bilen birlikde energiýa öndürmegiň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybarat boljakdygy nygtalýar.

Öň, Toyota ýerli häkimiýetleriň we biznesiň senagat we awtomobil uglerod zyňyndylaryny işjeň azaltmaga ýykgyn etmegi esasynda 2030-njy ýyla çenli elektromobilleriniň, gibrid we wodorod ulaglarynyň satuw derejesini ýylda 8 mln birlige ýetirmegi maksat edindi. Ýaponiýanyň hökümeti geçen ýylyň oktýabr aýynda ýurduň 2050-nji ýyla çenli senagat we awtomobil uglerod zyňyndylarynyň nol derejesini gazanjakdygyny aýtdy. 2030-njy ýyla çenli ony 2013-nji ýyldaky derejesi bilen deňeşdirilende, 46% azaltmak göz öňünde tutulýar.


düýn 09:33
5.8k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

09.05.2026 10:32
5.2k+

Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir......

06.05.2026 09:03
6.3k+

Toyota Tundra howpsuzlyk synaglarynda F-150-den has ýokary netijeleri görkezdi

IIHS-iň täze geçiren kraş-testleri uly göwrümli pikaplar segmentinde garaşylmadyk netijäni ýüze çykardy. Toyota Tundra synaglarda iň ýokary netijeleri görkezip, howpsuzlyk derejesi boýunça Ford F-150-den öňe......

04.05.2026 20:02
4.3k+

Lexus Toyota Highlander-iň binýadynda täze üç hatarly krossowerini görkezer

Lexus brendi resmi tanyşdyrylyşy 7-nji maýa meýilleşdirilen täze modeliniň tizerlerini paýlaşdy. Bu täzeligiň ýakynda tanyşdyrylan elektrik Toyota Highlander-iň premial nusgasy bolan uly göwrümli elektrik......