Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edildi

  • 05.10.2021 16:19
  • 6.1k+

Fizika boýunça Nobel baýragy Ýeriň klimatynyň fiziki modelirlemesi, üýtgeşmeleriň mukdar taýdan seljerilmesi we global ýylylygyň ygtybarly çaklamasy üçin Sýukuro Manabe bilen Klaus Hasselmana, şeýle-de fiziki ulgamlarda tertipsizlik bilen fluktuasiýanyň nähili täsirleşýändigi baradaky açyşy üçin Jorjo Parizä berildi. Bu barada Nobel komiteti öz saýtynda habar berýär diýip, TASS belleýär. 

Sýukuro Manabe – ýapon-amerikaly klimatolog, ol ilkinjileriň biri bolup global ýylylygy öwrenip başlady we Ýeriň klimatynyň ilkinji modelini döretdi. Klaus Hasselman – germaniýaly fizik we klimatolog. Onuň döreden klimatik modeli howanyň klimata nähili täsir edýändigini görkezdi. Jorjo Parizi – italiýaly fizik-teoretik. Onuň gözlegleri toplumlaýyn ulgamlar, statistika mehanikasy we kwant meýdan teoriýasy pudagynda möhüm orun eýeledi. 

Geçen ýyl baýragy Rojer Penrouz (gara deşikleriň emele gelmeginiň umumy degişlilik teoriýasynyň ygtybarly çaklamasy bolýandygy baradaky açyşy üçin) we Andrea Gez bilen Raýnhard Gensel (Akmaýanyň Ýolunyň merkezinde örän uly obýektiň tapylandygy üçin) paýlaşdy.

Sylaglama dabarasy 10-njy dekabrda, Alfred Nobeliň aradan çykan güni geçiriler. Geçen ýyl bolşy ýaly, baýrak gowşurylyş dabarasy onlaýn görnüşde geçer. Medal bilen diplomdan başga-da, laueratlara 10 mln kron möçberinde pul baýragy gowşurylar.


08.10.2025 16:25
2.3k+

Himiýa boýunça Nobel baýragy “metal-organiki karkas gurluşlaryň döredilendigi” üçin berildi

Şwesiýada himiýa boýunça Nobel baýragynyň laureatlary yglan edildi – olar Susumu Kitagawa, Riçard Robson we Omar Ýagi boldy. Olara baýrak “metal-organiki karkas gurluşlary işläp taýýarlandygy üçin” berildi diýlip, Nobel komitetiniň habarynda aýdylýar...

07.10.2025 17:45
3.6k+

Fizika boýunça Nobel baýragy kwant tehnologiýalary ulgamynda açyş üçin berildi

Nobel komiteti 2025-nji ýylyň fizika boýunça baýragynyň eýelerini yglan etdi – olar üç amerikaly alym Jon Klark, Mişel Dewore we Jon Martinis boldy. Olara baýrak “makro derejesinde kwant tunneliniň açyşy we elektrik zynjyrynda energiýanyň kwantlaşmagyny görkezendigi üçin” berildi...

06.10.2025 17:39
3.1k+

Fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragy immun ulgamynyň öwrenilendigi üçin berildi

Stokgolmda fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edildi. Baýrak “periferik immunologik tolerantlyk” diýlip atlandyrylýan ugurdaky açyş üçin amerikalylar Meri E.Brankowa, Fred Ramsdella we ýaponiýaly Şimon Sakaguçä berildi...

09.10.2024 19:03
4.5k+

2024-nji ýylda himiýa boýunça Nobel baýragy belok gurluşlarynyň öwrenilendigi üçin berildi

2024-nji ýylda himiýa boýunça Nobel baýragynyň eýeleri amerikaly Dewid Beýker hem-de britaniýalylar Demis Hassabis we Jon Jamper boldular. Şwesiýanyň Patyşalyk Ylymlar akademiýasynyň bu çözgüdini 9-njy oktýabrda...