Deniel Kreýg Golliwuddaky “Şöhrat alleýasynda” ýyldyz aldy

  • 05.10.2021 02:00
  • 3.3k+

Britaniýaly aktýor Deniel Kreýg Jeýms Bond hakyndaky iň soňky “Ölmegiň wagty däl” filminiň amerikan premýerasynyň öňüsyrasynda Golliwuddaky “Şöhrat alleýasynda” ýyldyz aldy. Bu barada “Variety” žurnalyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Dabara 6-njy oktýabra meýilleşdirildi, Los-Anjelesde ýerli wagt bilen sagat 18:30-da Deniel Kreýg “Şöhrat alleýasynda” 2704-nji ýyldyzyň eýesi bolar. Mundan başga-da, bu Golliwudyň taryhynda Jeýms Bonduň keşbi üçin dördünji ýyldyz bolar, mundan öň tapawutlandyryş nyşanyny Dewid Niwen, Rojer Mur, Pirs Brosnan we Barri Nelson aldy.

“Deniel Kreýg – Agent 007 hakynda bäş filmde keşbini ýerine ýetiren Jeýms Bond ýaly britan medeniýetiniň ikonasy. Biz onuň ýyldyzyny “Şöhrat alleýasynda” Jeýms Bonduň keşbini ýerine ýetiren başga bir meşhur aktýor Rojer Muruň ýyldyzynyň ýanynda ýerleşdirýändigimize örän şat. Muşdaklar olaryň ýyldyzlarynyň Golliwud 7007 alleýasynda ýerleşendigini görenlerinde diýseň begenerler” – diýip, Golliwudyň “Şöhrat alleýasynyň” prodýuseri Ana Martines belleýär.

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.6k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....