Lukmançylyk boýunça Nobel baýragy täze reseptorlaryň açylyşy üçin berildi

  • 05.10.2021 01:54
  • 3.1k+

2021-nji ýylda fiziologiýa we lukmançylyk pudagynda Nobel baýragynyň eýeleri Dewid Julius we Ardem Pataputýan boldy. Baýrak temperatura we ýanaşma täsirlenýän reseptorlaryň açylyşy üçin berildi. Bu barada Nobel komiteti öz saýtynda habar berýär diýip, TASS belleýär.

Metbugat relizinde bellenilişi ýaly, laureatlar organizmiň ýylylygy, sowugy we ýanaşmany duýmagyna kömek edýän nerw impulslarynyň nähili işjeňleşýändigini anykladylar. Bu prosesler adamyň daşky dünýä bilen özara gatnaşygynyň esasyny düzýär we onuň ýaşamagy üçin möhümdir.

Julius – San-Fransiskodaky Kaliforniýa uniwersitetiniň fiziology. Ol mentola, gorçisa ýagyna we ajy burçuň düzüm bölegi bolan kapsaisine täsirlenýän reseptorlaryň gözlegleri bilen meşhurdyr. Pataputýan – Skrippsiň Ylmy-barlag institutynyň biology, ol derä we içki organlara ýetýän mehaniki täsire täsirlenýän reseptorlaryň täze toparyny ýüze çykardy.

2020-nji ýylda Julius bilen Pataputýan bilelikde şular ýaly kesgitlenen pikir bilen neýro ylymlary pudagynda Kawli baýragyny aldylar. Geçen ýyl gepatit C wirusynyň açylyşy üçin bu nominasiýada baýragyň eýeleri Harwi Olter, Çarlz Raýs we Maýkl Houton boldy. 


düýn 23:10
570

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
3.5k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.3k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....