Sentýabr aýynyň jemi boýunça iň kuwwatly Android smartfonlary belli edildi

  • 04.10.2021 11:29
  • 10k+

2-nji oktýabrda AnTuTu bençmarky Android operasion sistemasy bilen işleýän iň kuwwatly smartfonlaryň sentýabr aýy boýunça sanawyny neşir etdi. Reýting geçirilen synaglaryň ortaça netijeleri esasynda düzüldi. Bu barada www.ixbt.com habar berýär.

Birinji orny 857918 ortaça bal bilen Red Devils 6S Pro eýeledi, bu smartfon bir kristally Snapdragon 888+ sistemasynyň esasynda döredildi. Ikinji orunda ortaça 837715 bal gazanan Black Shark 4 Pro ýerleşdi. Bu gurluş Snapdragon 888 platformasy bilen enjamlaşdyryldy. Üçünji orny 836943 ortaça bal bilen Snapdragon 888+ çipsetli Vivo X70 Pro+ eýeleýär. 

Dördünji orny, DisplayMate wersiýasy boýunça, smartfonlar üçin iň gowy ekrana eýe bolan iQOO 8 Pro eýeledi. Qualcomm Snapdragon 888+ prosessoryna esaslanýan bu smartfon ortaça 836410 bal gazandy. Liderleriň bäşligini 828509 bal bilen Asus ROG 5s jemleýär.

Ilkinji onluga giren smartfonlaryň ählisi Snapdragon 888 ýa-da Snapdragon 888+ prosessorlaryna esaslanýar. Altynjydan onunja çenli orunlary iQOO 8, OnePlus 9 Pro, OnePlus 9, Realme GT we Xiaomi Mix 4 eýeledi. 

şu gün 16:56
345

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

şu gün 12:41
818

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

şu gün 11:09
1k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

düýn 06:42
5.3k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....