Kataryň Gran-prisi 2021-nji ýylyň “Formula-1” senenamasyna goşuldy

  • 03.10.2021 10:11
  • 2.4k+

“Formula-1” 2021-nji ýylda Kataryň Gran-prisiniň geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi. Bu tapgyr 19 – 21-nji noýabrda “Losail” awtodromynda geçiriler. Ol Awstraliýanyň Gran-prisi ýatyrylandan soň, senenamada boş ýeri eýelär. Bu barada sport24.ru habar berýär.

Katarda “Formula-1” tapgyryny geçirmek üçin şertnama 10 ýyla niýetlenip, 2023-nji ýyldan hereket edip başlar. Sebäbi indiki ýyl Katar futbol boýunça dünýä çempionatyny kabul eder. 

Dohadan demirgazykda ýerleşen “Losail” ýoly 2004-nji ýylda açyldy we Moto GP ýaryşlaryny kabul etdi, ýöne onda “Formula-1” ýaryşlary hiç wagt geçirilmändi. 


23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.5k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......