Bütindünýä balet güni 19-njy oktýabrda dünýäniň 50-ä golaý teatryndan ýaýlym bilen belleniler

  • 03.10.2021 10:12
  • 2.9k+

Şu ýylyň 19-njy oktýabrynda belleniljek Bütindünýä balet gününe dünýäniň dürli künjeginden 50 töweregi teatr gatnaşar. Bu barada Londonyň Patyşa baletiniň müdiri Kewin O’Heýr metbugat konferensiýasynda aýtdy. Ol bu global taslamany Russiýanyň Döwlet akademiki Uly teatry (DAUT) we Awstraliýa baleti bilen bilelikde durmuşa geçirer diýip, TASS belleýär.

“Men sekizinji Bütindünýä balet gününde gatnaşyjylaryň köp boljakdygyny habar bermäge şat. Häzirki wagtda bu dünýädäki iň uly tans çakylygy” – diýip, ol žurnalistlere habar berdi.

Londonyň wagty bilen sagat 11:00-da başlajak programma dürli ýerlerden alty sagatlyk onlaýn ýaýlymy öz içine alar. Ýagny, Patyşa baleti ştat horeografy Ueýn Makgregor tarapyndan goýulýan täze baletiň taýýarlygyndan bir bölek görkezer. Italiýaly şahyryň ýogalan gününiň 700 ýyllygyna bagyşlanan “Dante taslamasy” atly spektakl britaniýaly kompozitor Tomas Adesiň sazyna esaslanýar.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Awstraliýa baletine ýolbaşçy bolan Uly teatryň öňki premýeri Dewid Holberg onlaýn tomaşaçylara balet sungatyndan sapak berer. Soňra “Arlekinada” we “Romeo we Juletta” ýaly birnäçe oýunlaryň taýýarlygy görkeziler.

Habar berlişi ýaly, DAUT programmasy üç sagada niýetlenip, ony Uly teatryň premýeri Artýom Owçarenko we solist Ana Turazaşwili alyp barar.

şu gün 00:57
2.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
859

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.7k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......