Ronaldu “Mançester Ýunaýtedde” aýyň iň gowy oýunçysy boldy

  • 03.10.2021 10:15
  • 8.7k+

“Mançester Ýunaýtediň” portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu sentýabr aýynda toparyň iň gowy oýunçysy boldy diýlip, klubuň resmi saýtynda habar berilýär. Muny championat.com ýetirýär.

Ronaldu sentýabr aýynda “MÝ” üçin bäş oýna gatnaşdy we bäş gol girizdi. 

Ýatlap geçsek, Kriştianu Ronaldu Turiniň “Ýuwentusyndan” gidip, 27-nji awgustda “Mançester Ýunaýtediň” oýunçysy boldy. Ronaldunyň klub bilen şertnamasy ýene bir ýyl uzaltmak mümkinçiligi bilen 2023-nji ýylyň iýun aýyna çenli niýetlenýär. 

Kriştianu 2003 – 2009-njy ýyllarda hem “Mançester Ýunaýted” üçin oýnapdy. Ol “Ýuwentusda” 2018-nji ýyldan çykyş edip başlady. 2009-njy ýyldan 2018-nji ýyl aralygynda ol Madridiň “Realynda” oýnady.

Angliýanyň Premýer-ligasynda alty tapgyrdan soň “Mançester Ýunaýted” 13 utuk bilen turnir jedwelinde 4-nji orunda ýerleşýär. 


şu gün 17:01
3.4k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

şu gün 14:17
4.4k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

düýn 14:25
13k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.6k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....