Dünýäde iň gadymy düýe heýkelleri ýüze çykaryldy

  • 24.09.2021 14:08
  • 10k+

2018-nji ýylda Saud Arabystanynda birnäçe düýe heýkelleri tapylyp, olaryň ýaşynyň 2000 ýyldan az däldigini çaklanypdy. Ýakynda geçirilen täze barlaglardan soň bolsa, gaýanyň ýüzünde oýulyp ýasalan bu heýkelleriň ýaşynyň üstüne ýene 5-6 müň ýyl goşuldy. Bu barada BBС habar berdi.

Aslynda, gaýanyň ýüzündäki heýkelleriň takyk ýaşyny kesgitlemek alymlar üçin uly kynçylyk döredýär. Sebäbi gaýanyň ýüzüne çekilen suratlardan ýa-da gadymy gural-esbaplardan tapawutlylykda, bu heýkellerde organiki maddalaryň yzy bolmaýar. Şeýle bolansoň, tapyndylaryň ýaşyny kesgitlemek üçin hünärmenler gadymy senetçiler tarapyndan ulanylan gurallaryň yzlaryny seljerip, sebitdäki eroziýanyň aýratynlyklaryny we şol töwerekden tapylan haýwan süňklerini öwrenmeli boldular.

Alnan maglumatlar alymlara heýkelleriň 7000-8000 ýyl ozal döredilendigini çaklamaga mümkinçilik berdi. Munuň özi, Saud Arabystanynyň düýe heýkelleriniň ýaşynyň Stounhenjden we Gizadaky piramidalardan has uludygyny aňladýar. Bellemeli zatlaryň biri hem, heýkeller heniz bu sebitde düýeler eldekileşdirilmänkä peýda bolupdyr.

Barlagçylar bu heýkelleriň gadymy çarwa taýpalarynyň ýygnanýan ýerini tanamak üçin özboluşly bellik bolup hyzmat edendigine ynanýarlar.


şu gün 11:45
1k+

Barlag: Internetdäki anonimlik ýaşlaryň özüne erk ediş derejesini peseldýär we agressiýany artdyrýar

Internetde anonimlik aýdylýan sözler üçin jogapkärçiligi ep-esli peseldýär we ýaşlaryň arasynda özüňe erk etmegiň derejesini gowşadýar, sözde haýbat atmagyň we trollingiň artmagyna sebäp bolýar....

08.05.2026 01:02
4.9k+

Alymlar şäher guşlarynyň erkeklerden däl-de, aýallardan has gorkýandygyny anykladylar

Biologlaryň halkara topary şäher guşlarynyň adamlary jynsyna görä kabul edýändigini anykladylar. Şoňa görä, guşlar aýallara has atiýaçly çemeleşýärler we erkeklere garanyňda, olaryň özlerinden daşrakda......

06.05.2026 11:59
6k+

Alymlar 200 ýyldan gowrak ozal ýok bolan gök antilopany «direltmek» isleýär

Amerikanyň Colossal Biosciences biotehnologiýa startapy ýok bolup giden gök antilopany «direltmekçi» bolýandygyny mälim etdi. CNN teleýaýlymynyň habar bermegine görä, bu taslama kompaniýanyň ýitirilen biologik......

05.05.2026 23:45
5.2k+

«Aýlygym köpelsin» diýme, «guşlar saýrasyn» diý: alymlar bagtyň formulasyny tebigatdan tapdylar

Guşlaryň dürlüligi we olaryň saýraklygy adamyň durmuşyndan razylaşmak derejesine edil maddy girdejiniň artmagy ýaly oňyn täsir edýär. Zenkenberg gözleg instituty we Kil uniwersitetiniň alymlary Ýewropanyň 26......