2022-nji ýylda Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlarynyň şygary belli boldy

  • 21.09.2021 08:47
  • 3.5k+

“Umumy geljek üçin bilelikde” – şeýle şygar 2022-nji ýylyň 4-nji fewralyndan 20-nji fewraly aralygynda Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylary tarapyndan hödürlendi. Şygar dünýäniň COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşi bilen baglanyşykly döredildi diýip, www.m24.ru habar berýär.

“Umumy geljek üçin bilelikde” – bu umumy maksada ýetmegi goldaýan garaýyş, başlangyç we hereket meýilnamasy. Agzybirlik, parahatçylyk, öňegidişlik we çydamlylyk – olimpiýa ruhunyň wagyzçysy bolup, tutuş dünýäniň iň gowy geljegiň hatyrasyna bilelikde işlemäge bolan umumy islegini görkezýär” – diýip, guramaçylyk komitetiniň metbugat gullugy belleýär.

“Biz bu şygaryň köpçüligiň ünsüni özüne çekjekdigine we pandemiýa şertlerinde geçiriljek üstünlikli Oýunlar üçin tagallalarymyzy birleşdirmäge mümkinçilik berjekdigine ynanýarys” – diýip, Pekiniň häkimi, guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçysy Çen Szinin belleýär.

Gyşky ýaryşlarda 109 medal toplumy ugrunda bäsleşiler.


26.06.2026 20:10
9.6k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

06.05.2026 23:46
2k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....