Dünýäde altynyň hümmetiniň peselýändigi hasaba alyndy

  • 21.09.2021 08:39
  • 12k+

Söwda maglumatlarynyň şaýatlyk etmegine görä, altynyň bahasy penşenbe güni agşam 2%-den gowrak aşaklap, bir unsiýa üçin 1750 dollara barabar boldy. Bu barada Praým agentligi habar berdi.

Aşgabat wagty bilen sagat 21:27-de Nýu-Ýorkyň Comex biržasynda altynyň dekabr fýuçersleriniň bahasy 2,28% ýa-da 40,85 dollar azaldy we her unsiýa üçin 1,753,95 dollar boldy. Dekabr aýynyň kümüş fýuçersleriniň bahasy bolsa 4,46% aşaklap, bir unsiýa üçin 22,74 dollar boldy.

ABŞ-nyň Söwda ministrligi tarapyndan penşenbe güni ýaýradylan maglumatlara görä, awgust aýynda ýurtda bölek satuw söwdasy iýul aýy bilen deňeşdirilende, 0,7% ýokarlandy. Şoňa çenli analitikler onuň 0,8% pese gaçjakdygyny çaklaýardyrlar. Netijede, ýewro we ýen ýaly beýleki esasy walýutalara garşy dollaryň hümmeti ep-esli ýokarlanýar.

Dollaryň güýçlenmegi altynyň bahasyna ýaramaz täsir edýär, bu ýagdaýda ol beýleki walýutalara eýe bolan maýadarlar üçin has az elýeterli bolýar. Umuman alanyňda bolsa, analitikler altynyň bahasynyň şeýle arzanlamagy tötänleýin bir hadysa bolup hem biler diýip çaklaýarlar.

şu gün 00:57
2.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
859

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.7k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......