2021-nji ýylyň awgust aýy boýunça iň howply kompýuter wirusy mälim edildi

  • 21.09.2021 08:45
  • 6.6k+

Kiberhowpsuzlyk çözgütleri bilen üpjün ediji “Check Point Software Technologies Ltd”-iň “Check Point” gözleg topary 2021-nji ýylyň awgust aýynda ulanylan iň işjeň we iň zyýanly programma üpjünçiligi barada hasabat ýaýratdy. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Hasabata görä, seljermek üçin iň howply we kyn zyýanly programma üpjünçiligi - ýasama COVID-19-a bagyşlanan galp e-poçta kampaniýalarynda we dürli mowzukdaky fişing hatlarda ulanylýan Formbook boldy. Pidanyň kompýuterine düşensoň, Formbook düwmeleriň basylyşyny hasaba alýar, ekrandaky hereketleri ýazýar, ähli brauzerlerde diýen ýaly şahsyýet maglumatlary ýygnaýar, şeýle hem serweri dolandyryjynyň buýrugy boýunça faýllary göçürip alyp ýa-da ýerine ýetirip bilýär. 

Bellenilişi ýaly, bu zyýanly programma üpjünçiligi Windows operasiýa ulgamynda duşýar. Ýöne onuň "ştamy" - Xloader welin esasy wirusdan bölünip, macOs-y nyşana alýar. Hünärmenleriň pikiriçe, bu programmalardan ýeke-täk gorag, ähli şübheli hatlaryň haýal etmän sebede (korzina) ibermekdir.

şu gün 00:57
2.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
859

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.7k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......