Günorta polýusyň üstündäki ozon deşiginiň ululygy Antarktidanyň göwrüminden geçdi

  • 21.09.2021 08:56
  • 12k+

Günorta polýusyň üstündäki ozon deşigi soňky bir hepdäniň dowamynda Antarktidanyň ululygyndan geçdi. Muny Copernicus atmosfera monitoring gullugynyň hünärmenleri kesgitlediler we bu barada “The Guardian” neşirine gürrüň berdiler diýip, gazeta.ru habar berýär.

Antarktikanyň üstündäki ozon gatlagy her ýyl awgust aýyndan oktýabr aýy aralygynda ýukalýar, deşik sentýabr aýynyň ortalaryndan oktýabr aýynyň ortalary aralygynda özüniň iň ýokary ululygyna ýetýär. Şu ýyl deşigiň göwrümi 1979-njy ýyldan bäri bu wagtda bolýan 75% ýagdaýlardan uly boldy. Munuň sebäbi heniz belli däl.

2020-nji ýylda oktýabr aýynyň başynda ozon deşigi 24 mln inedördül km çenli ulaldy, bu geçen ýyllara garanyňda uludyr. 2021-nji ýylda deşik şol bir göwrümde bolar diýlip çaklanylypdy, ýöne ol eýýäm bu ululykdan geçdi we häzirem ulalmagyny dowam edýär.

Ozon gatlagy planetany ultramelewşe şöhlelerinden goraýar. Hlorftoruglerod ýaly sintetik birleşmeleriň ulanylmagy geçen asyrda ozon deşiginiň emele gelmegine getirdi. Bu birleşmeler gadagan edilenden soň, ozon gatlagy kem-kemden dikelýär, ýöne bu örän haýal bolup geçýär. 

düýn 20:17
3.7k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......