Argentinada tango boýunça dünýä çempionaty başlandy

  • 19.09.2021 11:47
  • 4.7k+

Şenbe güni Buenos-Aýresde tango boýunça dünýä çempionaty başlandy. Guramaçylaryň habar bermegine görä, onlaýn we oflaýn görnüşlerinde geçiriljek bäsleşige 25 ýurtdan 400-den gowrak jübüt gatnaşar diýip, TASS belleýär.

Çempionatyň ilkinji gününde Buenos-Aýresdäki Usina del Arte medeni merkezinde ýekşenbe güni tamamlanjak salon tangosy kategoriýasynda saýlama tapgyry başlandy. Indiki tapgyrda orun almak üçin diňe bir merkeziň sahnasynda çykyş eden jübütler däl, eýsem serhetleri daşary ýurtlular üçin ýapyk bolan Argentina gelip bilmän, öz çykyşlarynyň wideo ýazgylaryny ugradan tansçylar hem bäsleşer.

Geçen ýyl pandemiýa sebäpli guramaçylar çempionaty doly onlaýn görnüşinde geçirdiler. Bu ýyl Argentinada koronawirus sebäpli girizilen çäklendirmeleriň saklanýandygy üçin ähli çykyşlar bölekleýin doldurylan zallarda geçirilýär. Mundan başga-da, guramaçylar her tapgyrda sahna çykýan jübütleriň sanyny 10-dan 6-a çenli azaltdylar. Tansçylara örtüksiz çykyş etmäge rugsat berilýär, ýöne tomaşaçylar ony hemişe dakynmaly.

20-nji sentýabrda Buenos-Aýresde sahna tangosy kategoriýasynda saýlama tapgyry başlanar. Oňa Argentinanyň çäginden daşary ýaşaýanlar hem onlaýn görnüşinde gatnaşyp bilerler. Çempionatyň finaly 25-nji sentýabrda bolup, Buenos-Aýresiň esasy gözelliginiň – Obeliskiň fonunda ilkinji gezek açyk howada geçiriler. 

Tango boýunça dünýä çempionaty adatça iki kategoriýada geçirilýär. Salon tangosy tansyň ähli esasy ädimleri we şekilleri bilen birlikde, haýal we sazlaşykly hereketler mahsus bolan nusgawy stildir. Sahna tangosy – bu akrobatiki hereketler bilen öňünden taýýarlanan tomaşa çykyşy.


11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....