Toyota 2022-nji ýylyň Corolla Cross krossowerini çykardy

  • 19.09.2021 08:01
  • 18k+

Toyota ABŞ-nyň bazarynda täze 2022-nji ýylyň Corolla Cross krossowerini tanyşdyrdy. Bu barada procrossover.ru habar berdi.

Toyota mundan birnäçe hepde öň 50 million Corolla awtoulagynyň önümçilik rekordyny goýdy we bu meşhur segmentde onuň gerimini giňeltmek kararyna geldi. Corolla sedany ýaly TNGA-C platformasyna esaslanan 2022-nji ýylyň Toyota Corolla Cross awtoulagy öň tigirleri çekýän we doly çekişli görnüşlerde çykaryldy.

Awtoulagyň L baza toplumynda 7 dýuýmlyk multimediýa ekrany, yzky howa deşikleri, açarsyz giriş, LED faralar we çyralar hem-de iki sany USB porty bar. "LE" wersiýasynda simsiz zarýad bermek, ýeňil erginde ýasalan 17 dýuýmlyk diskalar, deriden rul we gyzdyryp bolýan gapdal aýnalary bar. "XLE" baza toplumy bolsa 18 dýuýmlyk tigir, 10 ýagdaýly kuwwatly sürüjiniň oturgyjy we iki zolakly klimat-kontrol goşulýar.


şu gün 08:16
97

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......