Ýer ýüzünde näçe adamyň smartfon ulanýandygy anyklanyldy

  • 18.09.2021 16:15
  • 14k+

Stock Apps-iň hünärmenleri tutuş Ýer ýüzünde näçe sany adamda öýjükli jübi telefonynyň bardygyny anykladylar. Şeýlelik bilen, 2021-nji ýylyň tomsunda dünýä ilatynyň, takmynan, 66,9%-iniň ýa-da 5 milliarddan gowrak adamyň smartfon ulanýandygy belli boldy. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Muňa garamazdan, geçen ýylyň degişli döwründe smartfon eýeleriniň umumy sany häzirkisinden 117 million adam azdy. Bu 117 million adamyň hemmesiniň Ýer ýüzüne deň düşmeýändigini bellemek gerek. Mysal üçin, Ýewropada ilatyň 86% töweregi smartfon ulanýan bolsa, Günorta Afrika ýurtlarynda olaryň sany 50%-den hem az.

Mundan başga-da, häzirki wagtda Ýewropa bazarynyň smartfonlar bilen 100% töweregi üpjündigi bellenildi. Şeýlelik bilen, çaklamalara görä, 2025-nji ýyla çenli sebitiň ýaşaýjylarynyň 87%-inde smartfon bolar. Bu bolsa häzirki görkezijiden 1% köpdür.

şu gün 00:57
2.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
859

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.7k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......