«Türkmengeologiýa» Singapuryň «Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar

  • 17.09.2021 10:05
  • 5.3k+

16-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe ýatagynyň gündogar böleginde 3D ölçegli gözleg-barlag işlerini hem-de Günorta Burun meýdançasynda 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek barada Singapuryň “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Bu Kararyň taslamasyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow türkmen Liderine hödürläp, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe ýatagynyň Gündogar böleginde 3D ölçegli hem-de Günorta Burun meýdançasynda 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hereket edýän känlerde nebit guýularynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, nebitli we gazly meýdanlary öwrenmek ugrunda alnyp barylýan geologiýa-gözleg işleriniň göwrümlerini artdyrmak boýunça ýola goýulýan hyzmatlar degişli derejede bolmalydyr diýip belledi.


17.01.2026 08:47
4.8k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.6k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...