Daşoguzly ekerançylar hem pagta ýygymyna girişdiler

  • 16.09.2021 07:56
  • 3.1k+

15-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýerli toprak-howa şertlerine görä, beýleki sebitlerden biraz gijräk Daşoguz welaýatynyň ekerançylary pagta ýygymyna başladylar. Demirgazyk sebitde gowaça meýdany 155 müň gektary eýeleýär. Şonça ýerden “ak altynyň” 275 müň tonnasyny ýygnap almak maksat edinilýär.

Welaýatyň häkimliginde bolan iş maslahatynda ýygym möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça wezipeler, ähli degişli gulluklaryň takyk işlemegi we sazlaşykly hereket etmegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylan esasy ugurlar boldy.

Bellenilişi ýaly, welaýatyň ekerançylary gowaçanyň “Daşoguz-120”, «Daşoguz-114”, “Gubadag-3”, “C-4727”, “Jeýhun”, “149F” ýaly orta süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler. Döwrebap oba hojalyk tehnikalary meýdan işleriniň bökdençsiz depginini üpjün eder. Ýygym möwsüminiň dowamynda meýdanlarda “John Deere” kysymly ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň ýüzlerçesi işlediler.

Pagta daşamakda ýük awtoulaglarynyň hem-de tirkegli traktorlaryň iki müňe golaýy hereket eder. “Daşoguzpagta” önümçilik birleşiginiň kabul ediş harmanhanalary we pagta arassalaýjy kärhanalary gije-gündizleýin işlemäge doly taýýar edildi. Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tabşyrylýan çig malyň hilini barlaýarlar.

Soňra hormatly ýaşulular “Harmanyňyza bereket!” diýen sözler bilen pagta ýygymy möwsümine başlamaga ak pata berdiler. Soňra baýdaklar bilen bezelen, üsti doly “ak altynly” ýük awtoulaglary hem-de tirkegli traktorlar täze hasylyň kabul edilýän ýerine tarap ugradylar. Bu ýerde oba hojalyk tehnikalarynyň we sebitiň obasenagat toplumy tarapyndan öndürilýän önümleriň sergisi guraldy.


26.02.2026 12:29
9.3k+

Dünýäde iň köp ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň reýtingi düzüldi

Dünýäde şeker çiňriginiň ýygnalyşy tas iki milliard tonna ýetdi, bu bolsa ony planetanyň iň köp öndürilýän oba hojalyk ekini edýär diýlip, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) habarynda aýdylýar. Guramanyň 2024-nji ýyl üçin statistiki maglumatlaryna görä, bu ekiniň ýyllyk önümçilik göwrümi 1,94 milliard tonna deňdir...

21.02.2026 01:58
24k+

Döwlet Baştutany Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek baradaky teklibi makullady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek baradaky teklibi makullady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümetiň nobatdaky mejlisiniň dowamynda hasabat bilen çykyş eden wise-premýer B...

14.02.2026 12:09
22k+

Türkmenistanyň welaýatlarynda birnäçe etraplaryň häkimleri täzelendi

Prezident Serdar Berdimuhamedow 13-nji fewralda, anna güni geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň birnäçe etraplarynyň häkimlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky resminamalara gol çekdi...

23.01.2026 11:04
1k+

Aşgabatda geçirilen forumyň çäklerinde Türkmenistan bilen FAO-nyň arasynda ylalaşyklara gol çekildi

22-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahatyň netijeleri boýunça birnäçe ylalaşyklara gol çekildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi...