Daniil Medwedew Nowak Jokowiçi ýeňip, US Open-iň ýeňijisi boldy

  • 13.09.2021 07:47
  • 5.5k+

Russiýaly Daniil Medwedew ABŞ-nyň tennis boýunça Açyk çempionatynyň finalynda serbiýaly Nowak Jokowiçi utdy. Duşuşyk 25 ýaşly russiýaly türgeniň peýdasyna 6:4, 6:4, 6:4 hasabynda tamamlandy.

Medwedew Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde ikinji orny eýeleýär. Ol “Uly tuwulga” ýaryşynyň finalynda üçünji gezek oýnady we ilkinji gezek ýeňiş gazandy. 2019-njy ýylda Medwedew US Open-iň finalynda ispaniýaly Rafael Nadaldan, şu ýylyň fewral aýynda Awstraliýanyň Açyk çempionatynyň finalynda Jokowiçden utuldy.

Dünýäniň ilkinji raketkasy Jokowiç 2021-nji ýylda mundan öň geçirilen “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň üçüsinde-de ýeňiji boldy. US Open-de ýeňiş gazanan ýagdaýynda, ol tennis taryhynda bir möwsümde erkekleriň arasynda ýekelikde geçirilen dört  “Uly tuwulga” ýaryşynyň ählisinde utan üçünji türgen bolup bilerdi.

Medwedew 16 ýyldan soň “Uly tuwulga” ýaryşynda ýeňiş gazanan ilkinji russiýaly türgen boldy. 2005-nji ýylda Awstraliýanyň Açyk çempionatynda Marat Safin utdy. Safin 2000-nji ýylda US Open-de hem ýeňiji boldy.


düýn 16:26
4.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

18.05.2026 17:48
1.4k+

Sinner bassyr altynjy gezek «Masters» ýaryşynda ýeňiş gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Rimde geçirilen ATP «Masters» seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda norwegiýaly Kasper Ruudy 6:4, 6:4 hasabynda utmagy başardy....

04.05.2026 14:06
1.6k+

Sinner yzygiderli bäş «Masters» ýaryşynda utmagy başaran ilkinji tennisçi boldy

Italýan tennisçisi, dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Madridde geçirilen «Masters» seriýasynyň ýaryşynda ýeňiji boldy we taryhy üstünlige ýetdi....

03.05.2026 11:45
1.1k+

Sinner «Masters» ýaryşlarynyň rekordyny goýup, Federerden we Jokowiçden öňe geçdi

Italýan tennisçisi Ýannik Sinner Madridde geçirilýän ATP «Masters» ýaryşynyň finalyna çykdy we bu kategoriýadaky ähli ýaryşlaryň finalyna ýetmegiň tizligi boýunça rekord goýdy....