Magtymguly adyndaky TDU-da we Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralary dörediler

  • 04.09.2021 07:36
  • 25k+

Ýakyn ýyllarda Aşgabat şäheri ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna birikdiriler. Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek we keçe sungaty, demirçilik senedi, türkmen tazysy we elguşçylyk sungaty, türkmen milli göreşi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna giriziler. Bular barada Türkmenistanyň Prezidenti täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň öňünde geçiren umumy okuw sapagynda aýtdy.

Şeýle hem türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, ÝUNESKO derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem goşular. Magtymguly adyndaky TDU-da hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralary döredilip, orta mekdepleriň birnäçesi bu guramanyň Mekdepler bileleşiginiň düzümine giriziler.

Döwletimiz medeniýet ulgamyny ösdürmek ugrunda uly tagalla edýär, oňa köp möçberde serişdeleri gönükdirýär. Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň has-da kämilleşmegi üçin ähli şertleri döredýär. Ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, zehinli hünärmenleri taýýarlamak boýunça uly işler alnyp barylýar — diýmek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow medeni diplomatiýa boýunça ÝUNESKO-nyň ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtady. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi, «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy biziň alyp barýan giň gerimli medeni, ylmy diplomatiýamyzyň dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.


23.06.2026 18:58
2.8k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 08:05
4.6k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......