SpaceX Halkara kosmos stansiýasyna garynjalary, awokadony we roboty iberdi

  • 03.09.2021 07:18
  • 6.7k+

SpaceX kompaniýasy Halkara kosmos stansiýasyna garynjalary, awakado we adamboýy robot goly iberdi. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Şeýle ýük bilen, köp gezek ulanmak üçin niýetlenen “Falcon” raketasy NASA-nyň Kennedi kosmos merkezinden uçdy. “Dragon” apparaty aýrylandan soň, raketa “SpaceX”-iň okean platformasyna dikligine gondy.

“Dragon” gämisi iki tonnadan gowrak ýük daşap bilýär we bu ugradylan zatlar kosmonawtlar we synaglar üçin niýetlenen zatlardyr diýip, habar berilýär. Awokado, limon we doňdurma ýaly önümler stansiýadakylaryň iýmitine goşular. Garynjalar käbir synaglary geçirmekde ulanylar. Robot gol bolsa astronawtlaryň adatça edýän käbir işlerini ýerine ýetirmäge synanyşar.

Bellenilmegine görä, gämi ikinji synanyşykda şowly uçurylypdyr. Olaryň birinjisi howanyň ýaramazlygy sebäpli başa barmady diýlip, habar berilýär.


23.05.2026 15:01
3.5k+

SpaceX adamzat taryhynda iň uly raketa bolan Starship-i üstünlikli uçurdy

SpaceX amerikan kompaniýasynyň geljekde Aýa we Marsa uçuşlar üçin niýetlenen, Super Heavy V3 göteriji raketasy bolan Starship super-agyr kosmos ulgamynyň synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Uçuş 22-nji......

22.05.2026 08:14
3.1k+

Maýadarlara kosmos galyndylarynyň senagat üçin howp bolup durýandygy barada duýduryş berdiler

Secure World Foundation halkara guramasy maýadarlary kosmos senagatynyň ösmeginiň we orbitada galyndylaryň köpelmeginiň fonunda, kosmos operasiýalarynyň durnuklylygyny girdejililigiň esasy faktory hökmünde göz......

19.05.2026 23:21
2.3k+

Adamyň Aýa gonmagy yza süýşürilýär: Aýa uçmaga derek – Ýeriň orbitasynda türgenleşik geçiler

NASA Artemis III adam dolandyryşly missiýasynyň maksatnamasyna takyklama girizdi: Aýa uçup, oňa gonmagyň deregine, ekspedisiýa Ýeriň pes orbitasynda amala aşyrylar. Bu uçuş geljekde Aýyň ýüzüne gonmak üçin......

15.05.2026 12:36
2.7k+

NASA Jeff Bezosyň 51 müň hemraly «Blue Origin» taslamasyna garşy çykdy

NASA 500-den 1800 kilometr aralygyndaky belentliklere 51 600 sany hemrany uçurmagy göz öňünde tutýan Blue Origin kompaniýasynyň «Sunrise» taslamasyna garşy ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna närazlyk......