Russiýanyň milli ýygyndysy kenar futboly boýunça dünýä çempiony boldy

  • 01.09.2021 11:41
  • 4.1k+

Russiýanyň kenar futboly boýunça milli ýygyndy topary 2021-nji ýyldaky Dünýä çempionatynda ýeňiji boldy. Ruslar final oýunda Ýaponiýanyň milli ýygyndysyny 5:2 hasabynda ýeňmegi başardylar.

Oýunda Ýuriý Kraşeninnikow iki gol geçirip, dubl etdi. Fedor Zemskow, Andreý Nowikow we Artur Paporotnyý dagylar bolsa hersi bir gol bilen tapawutlandylar.

Russiýanyň milli ýygyndysy bu Dünýä çempionatynda taryhda üçünji gezek ýeňiji boldy. Ondan öň ruslar 2011-nji we 2013-nji ýyllarda ýaryşda birinjiligi eýelemegi başarypdyrlar, 2019-njy ýylda geçirilen çempionatda bolsa ruslar ýaryşy üçünji orunda tamamladylar.

Kenar futboly boýunça Dünýä çempionatynyň ýeňiş rekordy Braziliýanyň milli ýygyndysyna degişlidir (14 gezek). Mundan öňki Dünýä çempionatynda bolsa portugaliýalylar ýeňiji bolupdylar.

Ýatlap geçsek, kenar futboly boýunça Dünýä çempionaty her iki ýyldan bir gezek geçirilýär. 1995-nji we 2009-njy ýyllar aralygynda ýaryş her ýyl geçirildi.


15.10.2025 13:11
2.8k+

Türkmen wekiliýeti Osakada «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy

13-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasy geçirildi.  Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär...

22.09.2025 10:41
1.7k+

Keniýaly Odira dünýä çempionatynda 800 m ylgawda rekord bilen ýeňiş gazandy

Keniýaly ylgawçy Lilian Odira 800 m aralyga ylgamakda dünýä çempiony boldy. Final 21-nji sentýabrda Tokioda 2025-nji ýylyň Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde geçirildi. Odira bu aralygy 1.54,62 netije bilen geçip, dünýä çempionatynyň täze rekordyny goýdy...

07.08.2025 16:27
20k+

Futbolçy Russiýanyň Kubogynyň oýnunda penaltiden üýtgeşik gol geçirdi

Russiýanyň Kubogy Fonbet-iň birinji raundynyň Krasnodar ülkesinden höwesjeň futbol kluby “PSK” bilen Maýkopdan “Družba” toparynyň arasyndaky oýnunda täsin ýagdaý bolup geçdi. “Sport Mail-iň” habar bermegine görä, oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy...

25.07.2025 17:05
19k+

Türkmenistandan Merdan we Şöhrat Toýlyýewler "Ýüpek ýoly - 2025" halkara rallisinde ýeňiş gazandylar

22-nji iýulda Gorno-Altaýsk (RF) şäherinde «Ýüpek ýoly» halkara rallisi tamamlandy. T2 seriýaly off-road ulaglarynyň ýaryşynda umumy hasap boýunça 214 belgide çykyş eden doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler ýeňiş gazandylar...