UFC Pýotr Ýan bilen Aljameýn Sterlingiň täzeden söweşjekdigini habar berdi

  • 31.08.2021 09:10
  • 8.6k+

UFC-niň metbugat gullugy ýeňil agram derejesinde russiýaly söweşiji Pýotr Ýanyň promuşeniň çempiony Aljameýn Sterling bilen gaýtadan söweşjek senesini resmi taýdan yglan etdi. Bu barada eurostavka.ru habar berdi.

Habar berilmegine görä, Pýotr Ýan bilen Aljameýn Sterlingiň arasyndaky täze söweş 29-30-njy oktýabr aralygynda Abu-Dabidäki UFC 267 ýaryşynyň çäginde geçiriler. Şeýle hem bu ýaryşda promouşeniň çempiony Ýan Blahowiç bilen Glower Teýşeýronyň arasynda ýene bir çempionlyk tituly ugrundaky söweş bolar.

Ýatlap geçsek, Pýotr Ýan 2021-nji ýylyň 7-nji martynda gadagan edilen dyz bilen urgusy sebäpli diskwalifikasiýa edilip, Sterlingden ýeňlipdi. Häzirki wagtda Ýanyň hasabynda 15 ýeňiş bilen iki ýeňliş bar.


düýn 20:02
5.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
6.8k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.6k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......