KHBS: Hindistanda kriptowalýuta ulanyjylarynyň sany 15 milliondan geçdi

  • 29.08.2021 02:39
  • 6.9k+

Hindistan kriptowalýuta ulanyjylarynyň sany boýunça dünýäde ikinji orny eýeleýär. Olaryň sany 15 milliondan gowrak diýip, Finder gözleg kompaniýasyna salgylanyp, “The Economic Times” gazeti habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

Onuň maglumatlaryna görä, Hindistan kriptowalýuta ulanyjylarynyň sany boýunça diňe Wýetnamdan yza galýar. Ýurt Malaýziýa hem-de Filippinler bilen iň uly bitkoin paýy bolan bäş ýurduň hataryna girip, bu görkeziji boýunça Indoneziýa bilen ikinji orny paýlaşýar diýip, geçirilen pikir soraşmanyň netijesi boýunça Finder hünärmenleri belleýärler.

Gözleg 15 milliondan gowrak hindistanlynyň hususy kriptowalýuta holdinglerine maýa goýandygyny görkezýär. Ýurtda kriptowalýuta maýa goýumlary 2020-nji ýylyň aprel aýyndaky 923 mln dollardan 2021-nji ýylyň maý aýyna çenli tas 6,6 mlrd dollara çenli ýokarlandy. Ösüş 400% boldy.

Kriptowalýuta amallaryna Hindistanyň kiçi şäherleriniň ýaşaýjylary has işjeň gatnaşýarlar. Olaryň hasabyna CoinsSwitch Kuber programmasyny ulanyjylaryň sany 2020-nji ýylyň iýun aýyndan 2021-nji ýylyň iýun aýy aralygynda 2 000% ýokarlandy diýip, Finder habar berýär. Geljek bäş ýylda Hindistan blokçeýn tehnologiýasyny ornaşdyrmakda dünýä liderleriniň biri bolup biler, bu hem ýurduň ykdysadyýetine sanly formata geçmäge ýardam berer. 


30.05.2026 11:21
2.5k+

Taýwanyň fond bazary ýekeje kompaniýanyň kömegi bilen Hindistandan öňe geçdi

Taýwanyň maliýe bazarlary öz taryhynda ilkinji gezek Hindistanyň fond bazaryny yzda galdyryp, 4,95 trillion dollar möçber bilen dünýäde bäşinji orna göterildi. Emma synçylar munuň tutuş ýurduň ykdysady......

24.05.2026 10:33
2.5k+

HPG: 2031-nji ýyla çenli Hindistan ykdysady ösüşi bilen ilkinji üçlüge girer

Halkara pul gaznasynyň 2026-njy ýyl üçin taýýarlan «Dünýä ykdysadyýetiniň geljegi» atly täze hasabatyna görä, 2031-nji ýyla çenli Hindistan nominal Jemi içerki önüminiň (JIÖ) göwrümi boýunça Germaniýany,......

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

16.05.2026 09:24
5.3k+

Hindistan sentýabryň ahyryna çenli şeker satmagy gadagan etdi

Hindistanyň hökümeti 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli daşary ýurtlara şeker satmagy bütinleý gadagan etdi. Bu çäklendirme dessine güýje girdi we indiki degişli buýruga çenli dowam eder....