Gurban Berdiýewiň «Kaýraty» taryhda ilkinji gezek ýewrokubogyň toparlaýyn tapgyryna çykdy

  • 27.08.2021 10:53
  • 17k+

Gazagystanyň «Kaýrat» kluby Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda Konferensiýalar ligasynyň toparlaýyn tapgyryna çykdy. Klub ýaryşyň iň soňky saýlama tapgyrynda Lýuksemburgyň «Fola» klubuny iki oýnuň netijesi boýunça 7:2 hasabynda (4:1 we 3:1) ýeňdi.

26-njy awgustda geçirilen jogap duşuşygynda almataly klubuň düzüminden Artur Şuşenaçew dubl (12-nji minut, 36-njy) we Wagner Law bir gol (28-nji) bilen tapawutlandy. Ýeňilen topardan Mirza Mustafiç (43-nji) gol geçirdi.

Ýatlatsak, Gurban Berdiýewiň «Kaýrat» klubuna baş tälimçi bellenmegi barada resmi taýdan 24-nji awgustda yglan edildi. Klub tälimçi bilen ýene-de iki möwsüm uzaltmak mümkinçiligi bilen şu ýylyň ahyryna çenli şertnama baglaşdy. Öň, türkmen hünärmeni bu klubda Gözgeçilik geňeşiniň başlygynyň geňeşçisi wezipesini eýeleýärdi.


şu gün 09:28
2k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.5k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

11.05.2026 07:18
9.3k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

10.05.2026 18:36
4.7k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....