Hamzat Çimaýew oktagona dolanýar. Ol oktýabrda UFC 267-de çykyş eder

  • 25.08.2021 20:03
  • 12k+

Garyşyk stiliň şwesiýaly söweşijisi Hamzat Çimaýew Absolýut söweş çempionatyndaky (UFC) indiki söweşiniň senesi barada aýtdy. Muny türgen Instagram sahypasynda anons etdi diýip, lenta.ru habar berýär.

«Täze Habib» ady bilen tanalýan Çimaýew 30-njy oktýabrda Abu-Dabide geçiriljek UFC 267 turnirinde çykyş etjekdigini belledi. Onuň garşydaşy hytaýly söweşiji Li Szýanlýan bolar.

Asly çeçen bolan 27 ýaşly şwesiýaly türgen 2020-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri oktagona çykanokdy. Çimaýew şu ýylyň mart aýyndan koronawirus keselinden dikelip başlady. 

Çimaýew MMA düzgünleri boýunça söweşlerde bir gezek hem ýeňilmedi. Onuň hasabynda dokuz söweşde dokuz ýeňşi bar. Ol soňky üç söweşini UFC-de geçirdi. Söweşi alyp baryş stiline görä ony russiýaly Habib Nurmagomedow bilen deňäp başladylar. Çimaýewe 66 günüň dowamynda UFC-de üç gezek söweşmek başartdy, bu gurama üçin rekorddyr.


18.06.2026 22:41
8.4k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......