Sýan Naýçen: Hytaý Türkmenistandan tebigy gazy satyn almakda ilkinji orny eýeleýär

  • 25.08.2021 13:57
  • 7.3k+

23-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz käninde aýratyn çylşyrymly häsiýeti bilen tapawutlanýan täze gaz guýularynyň üçüsiniň gurluşygyna badalga bermek mynasybetli guralan dabarada Hytaý Halk Respublikasynyň wekilleri hem çykyş etdiler. Olaryň hatarynda HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem bar.

Ilçi dabara gatnaşýandygy üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýakynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berendigini belledi.

 Häzirki wagtda taraplar ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn işleri alyp barýarlar, “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyny hem-de “Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi” strategiýasyny utgaşdyrmak boýunça resminamanyň esasynda çäreler geçirilýär. Şeýle hem ýakyn geljek bäş ýylda hyzmatdaşlygyň maksatnamasy bilelikde taýýarlanylýar. Bularyň ählisi strategik häsiýetli türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna täze itergi berer, ony has ýokary derejä çykarar hem-de iki ýurduň pajarlap ösmegine itergi berer.

Diplomatyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ägirt uly energetika kuwwatyna eýedir. Ýangyç-energetika toplumynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk oňyn gatnaşyklaryň aýdyň mysaly bolup durýar. HHR-e türkmen tebigy gazynyň iberilmegini üpjün edýän gaz geçiriji işe girizilenden bäri, Hytaý 300 milliard kub metrden gowrak “mawy ýangyjy» import etdi hem-de Türkmenistandan tebigy gazy satyn almakda ilkinji orny saklap gelýär.

Şu gün “Galkynyş” gaz käninde üç guýynyň gurluşygyna badalga berilmegi energetika ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda täze ädimi alamatlandyrdy diýip, jenap Sýan Naýçen nygtady. Hytaý tarapy türkmen tarapy bilen geljekde hem maýa goýumlary, söwda we beýleki ulgamlary öz gerimine alýan netijeli hyzmatdaşlyga, şeýle hem ýangyç-energetika ugry boýunça toplumlaýyn hyzmatdaşlyga taýýardyr, munuň özi iki tarapyň bähbitlerine laýyk gelýär.

Şu ýyl Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýär. Çylşyrymly halkara ýagdaýa garamazdan, ýurduň milli Lideriniň öňdengörüjilikli syýasaty hem-de parasatly baştutanlygy netijesinde ýurt okgunly ösýär, onuň halkara abraýy belende galýar, türkmenistanlylaryň durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Hytaý dostlukly, doganlyk döwlet hem-de ygtybarly hyzmatdaş bolmak bilen, Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden begenýär diýip, diplomat nygtady. Sözüniň ahyrynda ilçi hemmeleri düzümleýin taslama badalga berilmegi şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen gutlady.


17.01.2026 08:47
4.8k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.6k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...