Gurban Berdiýew gazaklaryň «Kaýrat» klubuna baş tälimçi belleniler

  • 22.08.2021 10:09
  • 13k+

«Rubin» we «Rostow» futbol klublarynyň öňki baş tälimçisi Gurban Berdiýewiň Gazagystanyň «Kaýrat» klubuna baş tälimçi bellenmegine garaşylýar diýip, matchtv.ru habar berýär. 

Onuň kömekçisi wezipesine «Rostowda» bile işlän Dmitriý Kiriçenko belleniler. D.Kiriçenko eýýäm Almaty şäherine geldi. Häzirki wagta çenli türkmen tälimçisi klubuň göze­gçilik geňeşiniň başlygynyň geňeşçisi wezi­pesini ýerine ýetirýärdi.

Belläp geçsek, Berdiýew 1991-1993 hem-de 1994-1995-nji ýyllarda eýýäm «Kaýrat» klubuna tälimçilik edipdi.

 

«Kaýrat» häzirki möwsümde ýaryş jedwelinde 3-nji orny eýeleýär, şeýle hem ol Konferensiýa ligasynyň toparlaýyn tapgyryna çykmaga ýakyn.

Klubuň baş tälimçiniň adyny şu gün, 22-nji awgustda yglan etmegine garaşylýar.


düýn 22:55
1.3k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

düýn 15:58
8.1k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
4.5k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.1k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......