Makgregor ýarym agyr agram derejesine geçip biler

  • 17.08.2021 12:18
  • 16k+

Iki agram derejesinde UFC-niň çempiony Konor Makgregor Twitterde janköýerlerine ýarym agyr agram derejesine gaýdyp barjakdygyny ýaňzytdy. Bu barada mma.metaratings.ru habar berdi.

Ol janköýerleriň biriniň: "Ýarym agyr agram derejesine gaýdyp bararsyňyzmy?" diýen soragyna "Hawa, bolup biler" diýip jogap berdi.

UFC-niň ýarym agyr agram diwizionynda Makgregor üç söweşe geçirdi. 2016-njy ýylyň 5-nji martynda ol UFC 196-da Neýt Diazdan ýeňildi. Şol ýylyň awgust aýynda Konor köplügiň karary bilen Diazy ýeňip, ar almagy başardy. Geçen ýylyň 18-nji ýanwarynda bolsa irlandiýaly söweşiji tehniki nokaut arkaly Donald Serroneni ýeňdi.

33 ýaşly Makgregoryň hasabynda 22 ýeňiş we alty ýeňliş bar. 11-nji iýulda UFC 264-iň esasy söweşinde ol birinji raundyň ahyrynda aýagyny döwdürip, tehniki nokaut arkaly Dastin Porýeden ýeňildi.


düýn 08:32
11k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
9.9k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
10k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

15.06.2026 14:57
5.2k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....