Musasi Solteri nokaut edip, Bellatoryň çempionlyk titulyny goramagy başardy

  • 16.08.2021 02:56
  • 10k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ankaswil ilatly nokadynda Bellator 264 ýaryşy geçirildi. Gegard Musasi (Niderlandlar) bilen Jon Solteriň (ABŞ) arasyndaky söweş ýaryş agşamynyň esasy wakasyna öwrüldi.

Musasi tutluşygyň üçünji tapgyrynda nokaut bilen ýeňiş gazandy. Niderlandly söweşiji bu tutluşyga promouşeniň orta agram derejesindäki çempiony diýen adyny goramak üçin çykdy.

Bu tutluşykdan soň 2019-njy ýyldan bäri ýeňilmän gelýän Musasiniň hasabyndaky ýeňişleriň sany 48-e ýetdi. Solter bolsa 2018-nji ýyldan bäri ilkinji, şeýle hem bütin karýerasyndaky bäşinji ýeňlişini başdan geçirdi.

“Ol meni birinji tapgyrda ýykanda, ýerimden turmaga mümkinçiligim bardy, ýöne töwekgelçilik etmek islemedim. Biz entek derläp ýetişmändik we tenimiz heniz typançak bolmandy, şonuň üçinem oňa arkamy bermek islemedim.

Ol çepbekeý, şonuň üçin dik durup söweşmek adatdakysyndan birneme kynrak düşdi" diýip, Musasi gürrüň berýär.

şu gün 11:49
958

Arsen Wenger: FIFA dünýä boýunça 100 sany futbol akademiýasyny açmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) ýaş oýunçylaryň ukyplaryny durmuşa geçirmek üçin 100 ýurtda ýöriteleşdirilen akademiýalary açmagy maksat edinýär. Bu barada FIFA-nyň dünýä futbolyny ösdürmek bölüminiň ýolbaşçysy Arsen Wenger mälim etdi...

düýn 23:52
7.4k+

Ronaldu Ispaniýanyň ikinji diwizionynyň iň gowy klublarynyň birinde paý satyn aldy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu «Almeriýa» futbol klubunyň paýnamalarynyň 25 göterimine eýe boldy. Ol bu paýy özüniň CR7 Sports Investments kompaniýasy arkaly satyn aldy...

düýn 09:40
5k+

Ýeňilmezekleriň söweşi: Naoýa «Monstr» Inoue we Dzýunto Nakatani absolýut çempionlyk ugrunda duşuşarlar

Boks äleminiň iň garaşylýan duşuşyklarynyň biri tassyklandy: ýaponiýaly meşhur boksçylar Naoýa «Monstr» Inoue we Dzýunto Nakatani ikinji iň ýeňil agram derejesinde dünýäniň absolýut çempiony diýen at ugrunda ringe çykarlar...

düýn 05:55
10k+

Çempionlar ligasy: Winisius ýene tans edýär, «PSŽ», «Atalanta» we «Galatasaraý» 1/8 finalda

UEFA Çempionlar ligasynyň 2025/2026-njy ýyl möwsüminiň pley-off (styk) tapgyry tamamlandy. Duşuşyklaryň netijesinde 1/8 finalyna kim-kimleriň gatnaşjagy belli boldy.  Geçen gijäniň esasy wakalaryna gysgaça syny...