Messi Fransiýanyň çempionatynyň taryhynda iň ýokary hak alýan oýunçy boldy

  • 13.08.2021 17:13
  • 24k+

«PSŽ-niň» täze oýunçysy Lionel Messi salgytlary töländen soň täze toparda ýylda 41 mln ýewro gazanar diýip, “Le Parisien” gazeti habar berýär. Muny sport-express.ru ýetirýär.

Şeýlelik bilen, argentinaly futbolçy Fransiýanyň çempionatynyň taryhynda iň ýokary hak alýan oýunçy bolar. Girdejisiniň derejesi boýunça ol möwsüm üçin 37 mln ýewro töweregi gazanýan klubdaşy Neýmardan öňe geçdi.

Şeýle-de, neşir eger mümkin bolan ähli bonuslary göz öňünde tutsaň, pariž klubunda hüjümçiniň iki ýylda bir ýüz ýigrimi million ýewro töweregi gazanjakdygyny belleýär. 

Ýatlap geçsek, Lionel Messi pariž kluby bilen ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi bilen iki ýyllyk şertnama baglaşdy.


08.06.2026 16:49
8.8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

03.06.2026 15:11
16k+

Hindistanda Messiniň ägirt uly heýkeli söküldi

Hindistanyň Kolkota şäherinde (öňki Kalkutta) hünärmenler tarapyndan howply diýlip ykrar edilenden soň, Lionel Messiniň 21 metrlik heýkeli söküldi. Bu barada "Asian News International" agentligi "X" sosial......

01.06.2026 07:30
3.8k+

«PSŽ» we «Aston Willa» 12-nji awgustda UEFA-nyň Superkubogy ugrunda bäsleşer

Çempionlar ligasynyň ýeňijisi «Pari Sen-Žermeniň» we Ýewropa ligasynyň çempiony «Aston Willanyň» arasyndaky UEFA-nyň Superkubogy — 2026 ugrundaky duşuşyk 12-nji awgustda geçiriler. Oýun Awstriýanyň Zalsburg......

31.05.2026 03:30
9.4k+

«PSŽ» bassyr ikinji ýyl Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» topary yzygiderli ikinji möwsüm UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Ol ýaryşyň finalynda Angliýanyň «Arsenal» klubuny utdy. Aýgytlaýjy duşuşyk Budapeşt şäheriniň «Puşkaş......