Messi gidenden soň, «Barselonanyň» täze kapitany Serhio Buskets boldy

  • 10.08.2021 17:04
  • 14k+

«Barselona» Lionel Messi gidenden soň toparyň kapitany boljak oýunçyny kesgitledi. Meşhur argentinaly oýunçynyň ornuny ýarymgoragçy Serhio Buskets çalşyrar. 

«Barselonanyň» kapitany bolmak meniň üçin uly hormat. Menden öň Karles Puýol, Hawi we Leo ýaly ajaýyp nusgalar boldy. Pursatdan peýdalanyp, Messä klubuň üstünliklerine goşan ägirt uly goşandy üçin minnetdarlyk bildiresim gelýär. Saňa baky sagbolsun» – diýip, 2008-nji ýyldan bäri klubuň birinji toparynda çykyş edip gelýän 33 ýaşly oýunçy belleýär.

Täze möwsümde toparyň wise-kapitanlary goragçylar Žerar Pike, Serhi Roberto we Žordi Alba bolar diýip, klubuň resmi saýty habar berýär. Bu barada eurosport.ru belläp geçýär.

Ýatlap geçsek, Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Altyn topuň» alty gezek eýesi Messi katalon klubundaky 17 ýyl professional karýerasyndan soň «Barselonany» terk etdi. 

Serhio Buskets – «gök-gyzyllaryň» ýetişdiren oýunçysy. Häzirki wagtda ispaniýaly oýunçynyň hasabynda 629 oýun we 32 baýrak bar.


11.06.2026 23:57
4.6k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

10.06.2026 10:53
9.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

08.06.2026 16:49
9.2k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

04.06.2026 23:46
6k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......