Ispaniýaly Sançes karate boýunça taryhda ilkinji Olimpiýa çempiony boldy

  • 07.08.2021 12:34
  • 6.7k+

Ispaniýaly türgen Sandra Sançes karate boýunça taryhda ilkinji Olimpiýa çempiony boldy. Ol Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň finalynda “kata” dissiplinasynda 28,06 bal, onuň garşydaşy ýaponiýaly Kiýou Simidzu 27,88 bal gazandy. Bürünç medallara Gonkongyň wekili Lau Greýs we italiýaly Wiwiana Bottaro mynasyp boldy.

Kata – hyýaly garşydaşlar bilen söweşi imitirleýän maşklar seriýasy. 

2016-njy ýylda HOK-nyň 129-njy sessiýasynyň dowamynda karateni Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşmak barada karar kabul edildi. 2019-njy ýylda karateniň Pariždäki Olimpiadanyň maksatnamasyndan aýryljakdygy belli boldy.

Sançes 39 ýaşynda, ol dünýä çempiony we alty gezek Ýewropa çempionydyr.


19.04.2026 14:05
8.7k+

«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogyny aldy: 14-nji sekuntda geçirilen gol rekordy täzeledi

«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogynyň final duşuşygynda penalti tapgyrynda Madridiň «Atletikosyny» ýeňlişe sezewar etdi....

10.04.2026 18:35
13k+

«Barselona» – «Atletiko» oýnunyň baş emini işden çetleşdirildi

UEFA Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynyň «Barselona» we «Atletiko» toparlarynyň arasyndaky duşuşygynyň baş emini Iştwan Kowajy möwsümiň ahyryna çenli işden çetleşdirdi. Bu çözgüt katalon klubunyň Madridiň......

02.04.2026 14:36
11k+

FIFA ýygyndylaryň reýtingini täzeledi: Fransiýa indi birinji. Türkmenistan üçin näme üýtgedi?

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndy toparlaryň reýtingini 2026-njy ýylda ikinji gezek täzeledi (birinji täzelenme ýanwar aýynda bolupdy). Täze sanaw guramanyň resmi sahypasynda ýerleşdirildi....

15.03.2026 20:14
11k+

Messi Ýamala garşy oýnamaz: Ispaniýa bilen Argentinanyň arasyndaky «Finalissima» duşuşygy ýatyrylýar

Ýewropanyň häzirki çempiony Ispaniýa bilen Günorta Amerika kubogynyň ýeňijisi Argentinanyň arasyndaky «Finalissima» tituly ugrundaky futbol duşuşygy ýatyryldy. Bu barada El Chiringuito neşiri habar berýär. Aslynda, duşuşygy 27-nji martda Kataryň «Lusaýyl» stadionynda geçirmek meýilleşdirilipdi...