Türkmenistan we Özbegistan özara howa hem-de ulag gatnawlaryny dikeltmegi meýilleşdirýärler

  • 05.08.2021 11:59
  • 31k+

Türkmenistan we Özbegistan sanitariýa we epidemiologik talaplary berjaý etmek şerti bilen göni uçuşlary hem-de halkara ulag gatnawlaryny täzeden dikeltmek meselelerini işläp düzerler.

ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew bilen Özbegistanyň maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada durup geçdiler. Hususan-da, serhet geçelgeleriniň geçirijiligini ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki çäreleri işläp düzmek ugrunda işler alnyp barlar.
Şeýle hem özara söwdanyň ösmegi üçin tarifli we tarifli bolmadyk bökdençlikleri aradan aýyrmak we iki ýurduň ulag kuwwatyny hem-de üstaşyr geçirijilik mümkinçiligini ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär.
Işlenip düzülen çäreler we teklipler Türkmenistan bilen Özbegistany birleşdirýän ulag geçelgelerini mundan beýläk-de ösdürmek üçin degişli «Ýol kartasynda» birleşdiriler.
Gepleşikleriň dowamynda oňa gatnaşyjylar ýakyn wagtda Özbegistanda bilelikdäki Hökümetara toparyň mejlisini geçirmegi ylalaşdylar. Bu çäräniň çäginde türkmen-özbek işewür geňeşini guramak meýilleşdirilýär.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......