Serdar Berdimuhamedow özbek wekiliýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 03.08.2021 14:07
  • 7.1k+

Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Onuň barşynda S.Umurzakowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar ýokary döwlet derejesindäki ygtybarly syýasy gepleşikler esasynda ilerledilýän döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary depginini kanagatlanma bilen bellediler. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň, hususan-da, söwda-ykdysady pudagynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ulag, ýangyç-energetika hem-de gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi. Özbegistanyň Türkmenistan üçin esasy söwda hyzmatdaşlaryň biri bolup durýandygy bellenildi.
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň ähmiýetini nygtamak bilen, taraplar ýakyn günlerde Türkmenistanda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde agzalan toparyň başlyklarynyň mejlisini guramagy bellediler.


14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......