Alymlar ilkinji gezek ysmaz adamyň pikirlerini okamagy başardylar

  • 01.08.2021 20:34
  • 10k+

Amerikaly ylmy barlagçylar ysmaz adamyň beýni tolkunlaryny söz düzümlerine öwrüp bilýän newroprostezi döretdiler. Şeýlelik bilen olar näsag bilen üstünlikli aragatnaşyk gurmagy başardylar. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Barlagçylar munuň möhüm tehnologiki ädimdigini aýdýarlar. Şeýle mümkinçilikli enjam özleri gürläp bilmeýän adamlara «ses berip» biler.
Ylmy barlaga 20 ýaşyndaka insult bolan 36 ýaşly bir adam gatnaşdy. Insult sebäpli onda anartriýa keseli döredi we ol şondan soň düşnükli gürläp bilmedi. Şol bir wagtyň özünde, onda akyl (kognitiw) funksiýalary saklanyp galypdyr.
Ilki bilen alymlar syrkawyň 50 sözünden ybarat bir sözlük döretdiler. Munuň özi hassanyň aragatnaşyk üçin öz myşsalaryny ulanyp bilýändigi sebäpli mümkin boldy. Soňra bolsa onuň beýnisine elektrodlar goýuldy. Soňky birnäçe aýyň dowamynda ylmy barlagçylar hassanyň şol 50 sözi aýtjak bolandaky nerw işjeňligini hasaba aldylar. Alnan maglumatlary gaýtadan işlemekde emeli intellekt algoritmi ulanyldy.
Netijede, ulgam minutda takyklygy ortaça 75% bolan 18 söze çenli kodlamagyň hötdesinden geldi we alymlar hassa bilen aragatnaşyk saklamagy başardylar.


düýn 20:31
2.4k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......