Wengriýaly Milak 200 m aralyga batterflýaý, awstraliýaly Titmus erkin usulda ýüzmekde ýeňiji boldy

  • 29.07.2021 21:41
  • 2.2k+

Wengriýanyň wekili Kriştof Milak 200 metr aralyga batterflýaý usulynda ýüzmekde Tokioda dowam edýän Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy. Ýeňiji bu aralygy 1 minut 51,25 sekuntda geçip, täze Olimpiýa rekordyny goýdy. Ikinji orny ýaponiýaly Tomoru Honda (+2,48), üçünji orny italiýaly Federiko Burdisso (+3,20) eýeledi.

Mundan öňki Olimpiýa rekordy amerikaly Maýkl Felpse degişlidi (1.52,03), ol bu rekordy 2008-nji ýylda Pekindäki Olimpiýa oýunlarynda goýdy. Felps – Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda iň köp baýrakly türgen, onuň hasabynda 23 altyn, üç kümüş we iki bürünç medal bar. 
Milak 21 ýaşynda, bu baýrak onuň üçin Olimpiýa oýunlarynda ilkinji boldy. Türgene bu aralyga ýüzmekde dünýä rekordy (1.50,73) degişlidir. 

Awstraliýanyň wekili Ariarne Titmus bolsa 200 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde Oýunlaryň altyn medalyny gazandy. Ýeňiji 1 minut 53,50 sekunt netijäni görkezip, täze Olimpiýa rekordyny goýdy. Mundan öňki rekord 2012-nji ýylda Londondaky Olimpiýa oýunlarynda amerikaly Ellison Şmit (1 minut 53,51 sekunt) tarapyndan goýuldy. 
Ikinji orny Gonkongyň wekili Şiwon Bernadett Houi, üçünji orny kanadaly Penni Oleksýak eýeledi. 


05.05.2026 17:34
9.2k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

01.05.2026 11:50
7.4k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......

27.04.2026 01:02
1.6k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......