Instagram ýetginjekleriň goragyny güýçlendirer

  • 29.07.2021 03:14
  • 7.1k+

Facebook Inc.-iň eýeçiligindäki Instagram sosial ulgamy ýetginjekler üçin goragy güýçlendirer, şol sanda mahabatlary we kämillik ýaşyna ýetmedikler bilen ulularyň arasyndaky islenilmeýän aragatnaşyklary çäklendirer. Bu barada Interfax habar berýär.

Şeýlelik bilen, 16 ýaşa ýetmedik (käbir ýurtlarda 18 ýaşa çenli) ähli ulanyjylaryň hasaplary ýapylar diýlip, Instagramyň blogunda aýdylýar.
“Instagram”-da jemgyýetçilik syýasaty boýunça jogapkär Karina Nýutonyň pikiriçe, bu karar sosial ulgamyň ýaş ulanyjylarynyň “Instagram”-y ulanmak üçin ýeterlik derejede açyk bolmaga taýyn däldigi bilen baglanyşykly.
Mundan başga-da, Nýuton ýetginjekleriň hasap açmaga mümkinçiliginiň hem boljakdygyny aýtdy.  Şeýle-de bolsa, “Instagram” tarapyndan geçirilen gözlegler ýetginjekleriň 80%-iniň öz şahsy hasaplaryny ýapyk bolmagynda galdyrýandygyny görkezýär.

şu gün 00:57
2.7k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.1k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
917

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.8k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......