Britaniýaly suwda ýüzüji Adam Piti 100 metr aralyga brass usulynda ýüzmekde Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy. Ýeňiji bu aralygy 57,37 sekuntda geçdi. Ikinji orny Niderlandlaryň wekili Arno Kamminga (yza galyş – 0,63 sekunt), üçünji orny italiýaly Nikolo Martinengi (+0,96) eýeledi.
Piti 100 metr aralyga brass usulynda ýüzmekde 2016-njy ýyldaky Oýunlarda hem Olimpiýa çempiony bolupdy. Şeýle-de, 26 ýaşly britaniýaly türgen sekiz gezek dünýä çempiony we 100 metr aralyga brass usulynda ýüzmekde häzirki dünýä rekordynyň eýesidir.
Martinengi we Kamminga üçin bu baýraklar Olimpiýa oýunlarynda ilkinji boldy.