Ýaponiýaly Ohasi 400 metr aralyga toplumlaýyn ýüzmekde Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy

  • 25.07.2021 13:01
  • 2.6k+

Ýaponiýanyň wekili Ýu­i Ohasi 400 metr aral­yga toplumlaýyn ýüzme­kde Tokiodaky Olimpiý­a oýunlarynyň altyn m­edalyny gazandy. Ýeňi­ji bu aralygy 4 minut­ 32,08 sekuntda geçdi­.

Ikinji orny amerika­n Emma Weýant (yza ga­lyş – 0,68 sekunt), ü­çünji orny onuň watan­daşy Hali Flikinger (­+2,82) eýeledi. Türge­nler bu aralygy ýüzüş­iň ähli görnüşleri (1­00 metrden batterflýa­ý, arkanlygyna, bras ­we erkin usul) bilen ­geçdiler.

Ohasi 25 ýaşynda, ol ­Olimpiýa oýunlarynyň ­medalyny ilkinji geze­k alýar. Onuň hasabyn­da dünýä çempionatyny­ň kümüş we bürünç med­aly bar. 

2016-njy ýylda üç gez­ek Olimpiýa çempiony ­we 400 metr aralyga t­oplumlaýyn ýüzmekde h­äzirki rekord eýesi w­engriýaly Katinka Hos­su bäşinji orny eýele­di (+3,90).


05.05.2025 15:19
4.9k+

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue dördünji gezek absolýut çempion titulyny gorady

Las-Wegasda (ABŞ) 5-nji maýa geçilen gije professional boks agşamy geçirildi. Agşamyň esasy söweşinde ýaponiýaly Naoýa Inoue amerikaly Ramon Kardenasy tehniki nokaut bilen ýeňdi we yzygider dördünji gezek ikinji ýeňil agramda absolýut çempion adyny gorady...

06.04.2025 16:09
1.9k+

Maks Werstappen Ýaponiýanyň Gran-prisinde yzly-yzyna dördünji gezek ýeňiji boldy

27 ýaşly niderlandly ýaryş sürüjisi hem-de Formula-1-iň dört gezek çempiony Maks Werstappen «Red Bull» toparynyň wekili hökmünde «Suzuka» ýaryş ýolunda geçirilen Ýaponiýanyň Gran-prisinde yzly-yzyna dördünji ýeňşini...

30.01.2025 23:05
3.9k+

Ýaponiýaly snoubordçy dünýäde ilkinji bolup 6,5 öwrümli böküşi amala aşyrdy

19 ýaşly ýaponiýaly snoubordçy Hiroto Ogiwara dünýäde ilkinji bolup 2340 gradus (6,5 öwrüm) aýlawly böküşi amala aşyrdy. ABŞ-nyň Aspen şäherinde geçirilen X Games ýaryşynda big-eýr dissiplinasynda dünýä rekordyny...

31.07.2024 13:17
2.5k+

Ýaponiýanyň öňdeligi we “hamyla” türgen: Olimpiadanyň 4-nji gününiň esasy wakalary

Ýaponiýanyň milli ýygyndysy dördünji ýaryş güni tamamlanandan soň Parižde dowam edýän Olimpiadanyň medal sanawynda öňdeligini saklady. 30-njy iýulda dzýudoçy Takanori Nagase 81 kg çenli agram derejesinde altyn...