Hytaýda üçünji çaganyň dünýä inmegi üçin jerimeler ýatyryldy

  • 22.07.2021 20:53
  • 8.4k+

Hytaý häkimiýetleri üçünji çaganyň dünýä inmegi üçin jerimeleri we beýleki sanksiýalary ýatyrdylar. HHR-iň Döwlet geňeşiniň kararyna görä, 2025-nji ýyla çenli hökümet dogluş derejesini ýokarlandyrmak boýunça sosial syýasatyň doly hukukly ulgamyny döreder. Bu barada TASS habar berýär.

“Sosial üpjünçilik üçin tölegleri we beýleki çäklendiriji çäreleri ýatyrmak kararyna gelindi. Sosial üpjünçilik üçin tölegler ýatyryldy, degişli jerimeler baradaky düzgünlere gaýtadan seredildi we ýatyryldy” – diýlip, resminamada görkezilýär.

Resminamada bellenilişi ýaly, geljekde hasaba alyş, bilim edaralaryna we işe ýerleşmek işleri raýatlaryň maşgala ýagdaýlaryny we olaryň çaga dogluşyny çäklendirmek syýasatyny bozup biljekdigini göz öňünde tutmaz. 
Häkimiýetler çagalaryň dünýä inmegi, terbiýelenmegi we bilim almagy boýunça sosial goldaw çäreleriniň hem-de hyzmatlarynyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle-de ýaş maşgalalar üçin olaryň bahasyny peseltmek isleýär. 2035-nji ýyla çenli “ilatyň demografiýa gurluşyny gowulandyrmak” üçin ýurduň demografiýa syýasaty kämilleşdirilmeli.
Şu ýylyň 31-nji maýynda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň syýasy býurosy maşgalalara üç sany çaga rugsat bermek kararyna geldi.
1970-nji ýyllaryň ortalaryndan bäri HHR-de çaga dogluşyny çäklendirmek boýunça berk syýasat alnyp barylýar. Käbir kadadan çykmalar bilen maşgalalara diňe bir çaga rugsat berilýärdi. 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan HHR-de ähli hytaý maşgalalaryna iki çaga rugsat berýän kanun güýje girdi. 2020-nji ýylda ýurtda 10,035 mln täze doglan çaga hasaba alyndy, bu hem 1949-njy ýylda HHR-iň döredilen gününden bäri iň pes görkeziji boldy.


düýn 11:17
3.8k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....