2032-nji ýyldaky tomusky Olimpiýa oýunlary Awstraliýanyň Brisben şäherinde geçiriler

  • 21.07.2021 20:07
  • 5.3k+

Halkara Olimpiýa Komiteti (HOK) 2032-nji ýyldaky tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirjek şäheri atlandyrdy. Ýaryşlary Awstraliýanyň Brisben şäheri kabul eder. Bu karar 23-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda golaýdaky Olimpiadanyň geçiriljek ýeri bolan Tokioda (Ýaponiýa) HOK-nyň sessiýasynda kabul edildi. Oýunlaryň Brisben şäherinde geçirilmegini HOK-nyň sessiýasyna 80 gatnaşyjynyň 72-si goldady, bäşisi garşy çykdy, üç gatnaşyjy bolsa ses bermekden saklandy diýip, sport-express.ru habar berýär.

Tokiodaky Oýunlardan soň, tomusky Olimpiada 2024-nji ýylda Parižde we 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriler.
Brisbende Oýunlar 2032-nji ýylyň tomsunda geçiriler. 2032-nji ýyldaky ýaryşlary kabul etmäge Doha, Budapeşt, Germaniýanyň Reýn-Rur sebiti, Çendu we Çunsin hem isleg bildiripdi. Awstraliýa Oýunlary taryhda iki gezek kabul etdi: 1956-njy ýylda Melburnda we 2000-nji ýylda Sidneýde. Ýurt iki gezek hem tomusky Olimpiadany kabul etdi.


15.04.2026 16:27
6.6k+

18 ýaşynda Useýn Boltdan hem çakgan: awstraliýaly ylgawçy ýamaýkaly türgeniň ýetginjekleriň arasyndaky rekordyny täzeledi

Sidneýde geçirilen ýaryşlarda 18 ýaşly awstraliýaly sprinter (ylgawçy) Gout Gout 200 metr aralygy 19,67 sekuntda geçip, 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda täze resmi dünýä rekordyny goýdy. Ýaş türgen diňe bir......

10.03.2026 18:35
4.5k+

Tim Szýu Awstraliýadaky ýaryşda ýeňilmezek Denis Nurja bilen urşar

5-nji aprelde Awstraliýanyň Wullongong şäherinde boks agşamy geçiriler. Onuň esasy duşuşygynda birinji orta agramda öňki dünýä çempiony, awstraliýaly Tim Szýu bilen ýeňilmedik alban boksçysy Denis Nurja duşuşar...

16.01.2026 12:24
3k+

Awstraliýadaky ýaryşda höwesjeň tennisçi ussatlary ýeňip, 668 müň dollar gazandy

"Australian Open" ýaryşynyň çäklerinde baýrak gaznasy 1 million awstraliýa dollary (takmynan 668 000 dollar) bolan täze "1 Point Slam" görkezme ýaryşy geçirildi. Bu täsin ýaryşyň ýeňijisi 29 ýaşly höwesjeň tennisçi Jordan Smit boldy...

10.01.2026 11:13
1.7k+

Australian Open – 2026-da tas $75 mln pul baýragy berler

Awstraliýanyň tennis boýunça Açyk çempionaty 2026-njy ýylda ýaryşyň baýrak gaznasynyň möçberini mälim etdi. Şu ýyl umumy mukdar 74,9 mln dollar (111,5 mln Awstraliýa dollary) bolar. Geçen möwsüm bilen deňeşdirilende, ýaryşa gatnaşyjylara tölegler 16% ýokarlandy...