Ford benzin ysly atyr çykardy

  • 20.07.2021 10:22
  • 11k+

Ford awtoulag öndürijisi “Mach-Eau” atly hoşboý ysy tanyşdyrdy. Ol benzin ysyny küýseýän täze "Mach-E GT" elektrikli awtoulagynyň eýeleri üçin niýetlenendir diýip, ferra.ru ýazýar.

Kompaniýanyň özi “premium-klasyň ysynyň” doly elektrikleşdirilen täze elektrikli Mustang "Mach-E GT"-niň güýjüni isleýän, emma adaty benzinli awtoulaglaryň özüne çekiji yslaryna höwesli awtoulag eýeleri üçin niýetlenendigini nygtaýar.
Ford tarapyndan geçirilen pikir soraşmalarynyň netijelerine görä, oňa gatnaşyjylaryň, takmynan, 70%-i belli bir derejede benzin ysyny küýseýär. Täze ys benzin, tüsse we rezin ysynyň "ýokundylaryny" özünde birleşdirýär. Atyry diňe elektrik Mustang bilen bile satyn alyp bolýar diýip, çeşme nygtaýar.
Belläp geçsek, “Ford Mustang Mach-E” yzky tigiri we ähli tigirleri çekişli wersiýalarda öndürilýär. Onuň güýç agregatynyň kuwwaty 465 at güýjüne ýetýär. Şeýle hem awtoulag 5 sekuntda 100 kilometr/sagat tizlige ýetip bilýär.


düýn 15:03
976

Xiaomi SU7 elektrokary bir zarýadda 1313 km ýol geçdi

Xiaomi kompaniýasynyň ýolbaşçysy Leý Szýun Xiaomi SU7 elektromobilini synagdan geçirip, Pekin — Şanhaý ugry boýunça 1313 kilometr ýol geçdi....

27.04.2026 19:03
3.4k+

Ford Mustang-y dört gapyly sedana öwürmek isleýärler

Ford meşhur Mustang-yň dört gapyly wersiýasyny işläp düzýär. Ol 2028-nji ýyla çenli, ähtimal, Mach 4 ady bilen satuwa çykarylyp bilner....

24.04.2026 18:17
2.4k+

Ford-yň syrly Mustang modeli Nýurburgringde täze aýlaw rekordyny goýdy

Ford konserni meşhur Nýurburgring ýolunda Ford Mustang GTD Competition ýörite wersiýasynyň täze rekord goýandygyny resmi taýdan yglan etdi....

24.04.2026 10:28
5.2k+

Ford we Linkoln kompaniýalary awtoulaglary yzyna çagyrmakda öňdeligi eýeleýärler, olaryň tas 20 million awtoulagy yzyna çagyryldy

Amerikanyň Ford awtoulag öndürijisi yzyna çagyran awtoulaglarynyň sany boýunça öňdeligi eýeledi. iSeeCars seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň aprelinden 2026-njy ýylyň martyna çenli......