Dokma senagaty ministrliginiň käbir kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwrüler

  • 18.07.2021 08:52
  • 6.9k+

 “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça strategiýa” laýyklykda, döwlet kärhanalarynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek arkaly paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, hususy maýa goýujylary çekmek boýunça birnäçe çäreler göz öňünde tutuldy. Şoňa laýyklykda, Marynyň dokma fabriginiň önümçilik enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Dokma senagaty ministrliginiň hem-de Türkmengala pagta egirme fabriginiň gatnaşmagynda ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem “Türkmendokma” daşary söwda kärhanasyny Dokma senagaty ministrliginiň we “Altyn asyr” harytşynaslyk merkeziniň paýly gatnaşmagynda açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Ç. Gylyjow Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
«Döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, olary paýdarlar jemgyýetine öwürmek, ykdysadyýetimiziň düzümlerinde hususyýetçiligiň paýyny artdyrmak hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün etmek maksady bilen zerur çäreler görülmelidir» diýip, türkmen Lideri belledi we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ýeri gelende bellesek, Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda jemi 60 sany kärhana bolup, olaryň 16-sy paýdarlar jemgyýeti görnüşinde hereket edýär.

şu gün 18:14
1.3k+

SpaceX birža çykmak üçin arza tabşyrdy: Mask tiz wagtdan trillioner bolup biler

SpaceX kompaniýasy öz paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi taýdan arza berdi. Bu IPO-nyň Woll-strit taryhynda iň uly taslama bolmagyna we Ilon Maskyň baýlygyny ep-esli artdyrmagyna......

düýn 07:31
1.4k+

Hytaý daşary ýurtly syýahatçylar üçin salgytlary yzyna gaýtarmak ulgamyny ýeňilleşdirýär

Hytaýyň häkimiýetleri daşary ýurtly syýahatçylar üçin salgytlary yzyna gaýtarmak ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak barada karar kabul etdiler. Täze düzgünler myhmanlaryň söwda etmegini aňsatlaşdyrmaga we ýurda......

19.05.2026 08:02
5.1k+

Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi....

18.05.2026 21:15
1.3k+

Geçen hepde TDHÇMB söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 13 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 13 million 66 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolan 19 sany geleşik hasaba alyndy....