Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik stansiýasyny işe girizmäge taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna gabatlanyp açylmagy meýilleşdirilýän bu desganyň gurluşygyny “Sumitomo Corporation” ýapon kompaniýasy alyp barýar. Desgada Ýaponiýanyň meşhur “Mitsubishi Power Ltd.” kompaniýasynyň öndürýän gazturbina enjamlary oturdyldy.
Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow häzirki wagta çenli desgada her biriniň kuwwaty 144 MWt bolan gaz turbinalarynyň 3-siniň oturdylandygyny, kömekçi binalaryň ulanyşa taýýar edilendigini habar berdi. Stansiýanyň çäklerindäki açyk paýlaýjy gurluş öndüriljek elektrik energiýasyny geçirmek üçin umumy energoulgama birikdirildi. Häzir esasy enjamlarda işe goýberiş sazlaýyş işleri alnyp barylýar.
Bu gazturbinaly elektrik stansiýasynyň ulanyşa girizilmegi ýurdumyzyň energoulgamynyň bellenen kuwwatlylygyny artdyrmaga, Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, daşary ýurtlara, şol sanda Özbegistan Respublikasyna, Owganystan Yslam Respublikasyna hem-de Eýran Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Gyrgyz Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.