Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

  • 17.07.2021 12:16
  • 47k+
Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere hem-de GFR-iň Federal Kansleri Angela Merkele ýurduň günbatarynda bolup geçen suw joşgunlary netijesinde köp sanly adam pidalary we şikes ýetmeler, uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

Germaniýada güýçli ýagyş zerarly Reýn-Ar, Mozel derýalarynyň, şeýle hem uly bolmadyk Zauer, Prýum, Nims, Kil, Erft derýalarynyň akymlary hanasyndan çykdy. Germaniýanyň günbatarynda bolup geçen suw joşgunlary sebäpli aradan çykanlaryň sany 133-e ýetdi. Bu barada şenbe güni Bild neşiri polisiýa salgylanyp habar berýär.

Ýurduň käbir ilat nokatlary aragatnaşyk bilen bagly näsazlyklar zerarly daşky dünýäden üzňelikde galdy. Ýerli häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizdiler. Germaniýanyň Goranmak ministrligi ýurduň günbatarynda harby betbagtçylyk düzgünini girizdi. Muňa laýyklykda, ýerlerde iş alyp barýan halas ediş toparlarynyň serkerdelerine özüne ynanylan adamlara we tehnikalara erk etmekde doly ygtyýar berilýär.


20.12.2023 13:14
39k+

Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaýyň Başlygyna gynanç bildirdiler

Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Gansu we Sinhaý welaýatlarynda bolup geçen...

17.12.2023 00:16
33k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýtiň Emirine gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Onuň Alyjenaby Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf...

29.10.2023 09:06
45k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe şahtada bolup geçen heläkçilik zerarly gynanç hatyny...

15.08.2023 23:59
78k+

Serdar Berdimuhamedow RF-niň Prezidenti W.Putine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Mahaçkala...